Yragyň Iň Uzyn Köprüsi Çökdi

Yragyň Iň Uzyn Köprüsi Çökdi

Yrakda iki günden bäri ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli ýurduň iň uzyn köprüsi bolan Dakuk köprüsiniň bir bölegi çökdi.

Kerkugyň ýol we köpri edarasynyň müdüri Kasym Hamza, aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil sebäpli Kerkuk-Bagdat gara ýoluny birleşdirýän Dakuk köprüsiniň bir böleginiň çökendigini mälim etdi.

Ady agzalýan liniýada birnäçe köprüniň bardygyny nygtan Hamza, emma Dakuk etrabynda ýerleşýän we bir kilometr uzynlygyndaky ýurduň iň uzyn köprüsi bolan Dakuk köprüsiniň diýseň möhümdigine ünsi çekdi.

Hamza 23 aýagy bolan köprüniň soňky iki günden bäri aşa köp ýagýan ýagyşlar sebäpli suwyň mukdaryny köpelendigini we köprüniň 5 aýagyna uly zeper ýetirlendigini belledi.

Hamza agyr ýük ulaglarynyň köprüden geçmeginiň gadagan edilendigini ýatlatdy.

Ýene degişli makalalar

28-nji oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Daşary Ýurtlardaky Türk Raýatlary Ses Bermäge Başlady
Şotlandiýanyň Täze Premýer-ministri Hamza Ýusuf Kasam Edip Wezipesine Başlady
Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Asyryň Betbagtçylygyndan umytly habarlar gelmäge dowam edýär
Ysraýylly esgerler bir palestinaly çagany öldürdiler