Yragyň hökümedi Tährandaky ilçisini yzyna çagyrdy

Yragyň hökümedi Tährandaky ilçisini yzyna çagyrdy

Yragyň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanata görä Erbilde asuda ilat ýitgilerine sebäp bolan Eýranyň hüjümleri sebäpli, Tähran şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Nasir Abdulmuhsini geňeşmeler geçirmek maksady bilen ministrlige yzyna çagyrdy.

Yragyň Daşary işler ministrligi Eýranyň Bagdat şäherindäki ilçisiniň geňeşçisine protest nota beripdi.

Yragyň Kürt Awtonomiýasy Eýranyň Ynkylap goragçylary goşunynyň düýn gije Erbildäki asuda ilatly zolaklara ballistik raketalar bilen guran hüjümlerinde asuda ilatdan 4 adamyň ýogalandygyny, 6 adamyň hem ýaralanandygyny habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Yrakda saparda boldy
Terrora garşy göreş PKK-KDP çaknyşygy
Blinken Mesrur Barzani Bilen Duşuşdy
Türkiyäniň Daşary işler ministri Yrak saparyny dowam etdirýär
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
Ibrahim Kalyn Erbilde Saparda Boldy