Yragyň demirgazygyndaky Penje operasiýasy sebitlerinde 165 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Penje operasiýasy sebitlerinde 165 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Selçuk Baýraktarogly Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje operasiýalary barada maglumat berdi.

Hakkari welaýatynyň Çukurja etrabyna baryp gören Gury ýer güýçleriniň serkerdesi Selçuk Baýraktarogly, sebite gözegçilik edip, goşmaça howpsuzlyk çäreleriniň görülmegi barada görkezmeler berdi.

Şoňa laýyklykda 15-nji awgust-10-njy noýabr aralygynda Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Penje operasiýasy sebitlerinde 838 hüjüm we hüjüm guramaga synanyşyk başdan geçirilen bolsa, esgerleriň çäre görmegi esasynda PKK/KJK-a agza 165 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Sebitde 161 gowak we gaçybatalga bilen 303 mina we elde ýasalan partlaýjy madda anyklanyp, ýok edildi.

Gözleg we saplaýyş işlerinde 58 ýarag, 181 müň 833 ok-däri we köp mukdarda gündelik ýaşaýyş üçin gerek bolan enjamlar ele salyndy.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan 2024-nji ýylda ýetilen sepgitler barada beýannama berdi
Türkmen çagalar baglarynda türk multfilmleriniň, özbek TW-sinde türk seriallarynyň çäklendirilmegi
Türkmenistanda dünýäniň iň uly däne elewatory gurlar
Agyz suwunyň täze gözbaşlary açyldy
Türkmen geologlary täze agyz suw ýataklaryny tapdylar
Agyz suwunyň täze gözbaşlary açyldy