
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylar üçin gaçyp boljak ýer ýok, hiç bir ýer olar üçin howpsuz däl. Yragyň demirgazygyndaky Kandil sebitinde anyklanan ekstremist terror guramasy PKK-a agza 4 terrorçy howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi. Operasiýalarymyz arakesmesiz ýagdaýda dowam eder" diýip habar berildi.