Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Türkiyäniň Ýaragly güýçleri milletimizden alýan güýji bilen terrorçylary güýçli ýagdaýda saplamaga dowam edýär. Yragyň demirgazygyndaky Hakurk, Gara we Metina sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris" diýip habar berildi.