Yragyň demirgazygynda 2024-nji ýylyň 9-11-nji oktýabr aralygynda geçirilen howa operasiýasynda ilkinji kesgitlemelere görä Gara sebitinde 9 terrorçy we Hakurk sebitinde 5 terrorçy bolmak bilen jemi 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris, başararys" diýip habar berildi.