Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, PKK/KJK we beýleki terror toparlaryny täsirsiz ýagdaýa getirip, Yragyň demirgazygyndan halka we howpsuzlyk güýçlerine garşy guralýan terrorçylykly hüjümleri ýok etmek we serhediň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen BMG-nyň 51-nji maddasyndan gözbaş alýan kanuny taýdan özüňi goramak hukugynyň çäginde, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Hakurk, Gara, Kandil we Asos sebitlerindäki terrorçylara degişli ýerlerde howa operasiýalarynyň geçirilendigi mälim edildi.
Beýanatda howa operasiýasy bilen terror guramasy tarapyndan ulanylan we aralarynda guramanyň ýolbaşçysy derejesinde bolan terrorçylaryň bardygy kesgitlenen gowaklardan, gaçybatalgalardan we ammarlardan ybarat jemi 24 nyşananyň ýok edilendigi aýan edildi.
Operasiýada ýokary derejede ýerli we milli ok-däriler ulanylyp, köp sanda terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi bellenen beýanatda, bigünä adamlara, dostlukly elementlere, taryhy we medeni barlyklara we daşky gurşawa zeper ýetemzligi üçin ähli çäreleriň görülendigi habar berildi.