Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Yragyň demirgazygynda bir esger şehit boldy

Türkiyäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan berilen beýanatda: "Penje-Gulp operasiýasy sebitinde 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda gahryman egindeşimiz Wedat Zorba ekstremist terror guramasyna agza terrorçylar tarapyndan ozaldan ýerleşdirilen elde ýasalan partlaýjynyň partlamagy netijesinde agyr ýagdaýda ýaralandy, dessine hassahanada bejergi astyna alyndy, edilen ähli tagallalara garamazdan halas edilip bilinmän şehit boldy.

Bizi çuňňur gynandyran we gam-gussa bogan bu wakada ýogalan eziz şehidimize Alladan rehnet, gussaly maşgalasyna, Türkiyäniň Ýaragly güýçlerine we eziz milletimize gynanç we sabyr dileýäris" diýip habar berildi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz we Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler hem şehit esger üçin gynanç ýüzlenmesini çap etdiler.

Ýene degişli makalalar

'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär
DT: 'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
TBMM-niň Başlygy Şentop, Antalýada Özara Duşuşyklar Geçirdi
Aziýa Parlamentlar Assambleýasynyň Maslahaty Antalýada Geçirilýär
Mary: Aýazly howada oba ilaty odun ýakyp ýylynmaga mejbur bolýar
“Olary diri görkeziň!”: ÝHHG ýurtlary dereksiz ýitirmelere garşy berk çäre görmeli