Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Türkiyäniň Ýaragly güýçleri terrorçylara demini dürsemegine pursat bermeýär. Yragyň demirgazygynda 2024-nji ýylyň 3-9-njy dekabr aralygynda geçirilen howa operasiýasynyň netijesinde Hakurk, Gara we Metina sebitlerinde PKK-a agza 9 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi anyklandy. Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris" diýip habar berildi.