Yraga Guryýer Operasiýasy

Yraga Guryýer Operasiýasy

Soňky günlerde türk syýasy ýolbaşçylary ýygy-ýygydan Yraga sapar edip, kärdeşleri bilen duşuşyklar geçirýän bolsa, Prezident Erdogan hem möhüm beýanat berip, bahar we tomus aýlarynda Türkiýäniň Yrakda dowam edýän harby operasiýalaryny giňeltjekdigini we serhet zolagyny dolulygyna howpsyzlaşdyrjakdygyny aýtdy. Bu wakalar we sebitdäki harby mobilizlenme Türkiýaniň Yraga täze harby operasiýalary gurajakdygyny görkezýär.

SETA-nyň daşary syýasaty öwreniji alymy Jan Ajunuň tema boýunça synyny dykgatyňyza ýetirýäri.

Türkiýe uzak ýyllardan bäri terror guramasy PKK garşy alyp barýan göreşiniň çäginde Yragyň demirgazygyna harby operasiýalary guraýar, emma esasanda 2016-njy ýyldan soň Türkiýe harby operasiýa usulyny üýtgedip, sebitde durnukly ornaşmaga başlady. “Ygrarlylyk operasiýalary” atlandyrylan tapgyr bilen bilelikde Hakurkdan Zap etrapçasyna çenli uzap gidýän dag gerişlerinde gözegçiligi ele geçirmek üçin operasiýalary guramaga başlady. “Penje-Gaplaň” we “Penje gulp” operasiýalary bilen bolsa pozisiýasyny hasam güýçlendirip, strategik nokatlarda harby bazalar döretdi.

Türkiýaniň bu ýerdäki esasy maksady terror guramasy PKK_nyň ornaşan, tälim işlerini alyp barýan, gönükdiriş we gözegçilik üçin peýdalanýan ýerlerini ýok etmekden, guramanyň mobilizlenme ukybyny ejizletmekden we gözegçilik-gönükdiriş gurluşygyny dargatmakdan ybaratdy.

Serhet zolagynda howpsuz zolak döredip, Türkiýä geçişleriň öňüni almak isleýärdi.Türkiýäniň geçen möhletde esasan üstünlik gazanandygyny görýän hem bolsa, operasiýa zolaklarynyň giňeldilmegi we Zap etrapçasynyň galan böleginiň, Garanyň we Hakurkyň dolulygyna saplanmagynyň möhümdigi äşgär.

Terror guramasy bu sebitlerde henizem iş alyp barýar we esasanda sygynan gowaklaryndan çykyp, terror hüjümlerini guraýar.Türkiýe serhet zolagynda doly howpsuzlygy ýola goýmak üçin operasiýa sferasyny giňeltmeli bolar.

Terror guramasynyň Yragyň içinde Sinjar, Mahmur, Kandil we Assos ýaly etraplarda iş alyp barmaga dowam edýändigini görýäris.

Türkiýe soňky döwürde diplomatik tagalla girişip, Yragyň degişli ýolbaşçylary bilen ýakyn duşuşyklar geçirýar.Ankara bilen Bagdadyň arasynda PKK garşy göreş meselesinde utgaşyklylyk ýola goýulmak islenýar.Soňky döwürde bu ugurda käbir oňyn başlangyçlaryň bardygy görülýär.

Türk we yrakly harby wekiliýetler ýygy-ýygydan duşuşyp, degişli utgaşyklyk boýunça gepleşikler geçirýär. Şol çäkde Türkiýäniň bahar we tomus aýlarynda uly göwrümli harby operasiýalara başlanda, Yragyň goşunynyň hem käbir göçümleri etmegi mümkin. Şeýle hem Yragyň Kürt awtanomiýasy esasanda KDP bilen hem utgaşyklyk bar.

KDP-niň Türkiýa logistika we maglumat goldawy bar.Türkiýe şol goldawyň hasam artdyrylyp, harby operasiýalar meselesinde-de Peşmergäniň türk ýaragly güýçleri bilen bilelikde hereket etmegini isleýär.Netijede terror guramasy PKK hem Ankara hem-de Bagdat we Erbil üçin howp bolup durýar.

Türkiýe bilen bilelikde hereket etmek bu ýurduň bähbidine bolar.Eger şeýle bolmasa Türkiýe onsuz hem egilşiksiz ýagdaýda göreşini dowam etdirip, Yrakda milli howpsuzlygy üçin kanuny goranyş hukuklarynyň çäginde degişli operasiýalaryny gurar.

Ýene degişli makalalar

Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türkiyäniň Milli howpsuzlyk gullugy Siriýada möhüm operasiýa geçirdi
Milli Howpsuzlyk gullugy Yrakda möhüm operasiýa geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Milli howpsuzlyk gullugy PKK/KJK-a garşy möhüm operasiýa geçirdi
“Geçiş Etabynda Siriýanyň Halkyna Goldaw Bereris”