YouTube platformanyň baş direktory Sýuzan Woýçiski işden gidýär

YouTube platformanyň baş direktory Sýuzan Woýçiski işden gidýär

YouTube onlaýn-wideohostinginiň baş direktory Sýuzan Woýçiski iş başyndan gitmekçidigini yglan etdi. Bu barada TASS habarlar gullugyna salgylanýan Inform.kz ýazýar.

Men YouTubeniň başlygy wezipämi goýup, özümi maşgalama, saglygyma we şahsy taslamalaryma bagyşlamak isleýärin diýip, ol özüniň sahypasynda ýazdy.

YouTube wideohostingine dokuz ýyl bäri ýolbaşçylyk edip gelýän Woýçiski özüniň ornunda kompaniýada 2015-nji ýyldan bäri önümçilige gözegçilik bölümine ýolbaşçylyk edýän Nil Moheni görmek isleýändigini aýtdy.

Woýçiski 2006-njy ýylda YouTube hostingini satyn alan Google tehnologik kompaniýasynyň eýesi bolan Alphabet holdinginde geňeşçi bolup işlär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
"Aşgabatda üýtgeşikligiň boljagyna umyt edýärin, ýöne munuň üçin olar çagyryşlaryň hötdesinden gelmeli" - Edward Lemon
YouTube Music goşmaçasynda indi aýdymy hiňlenip tapyp bolýar
Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi
Bilermen Dubnow türkmen häkimiýetlerini Şyhmyradowyň ykbalyny aýan etmäge çagyrýar
Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenleriň watanda galan garyndaşlary türk wizasyny alyp bilmeýär