YouTube her gün näçeräk gazanýar

YouTube her gün näçeräk gazanýar

Girdeji hasabatyna görä, YouTube her gün tas 100 million dollar gazanýar, bu hem ony tutuş aýdym-saz pudagyndan hem has girdejili wideo platformasyna öwürýär. Ýagny, 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginiň soňky hasabatyna görä, platforma 8,63 mlrd dollar gazandy.

Bu geçen ýylyň degişli döwründen 25 göterim köpdür. Eger bu mukdary gündelik girdejä geçirsek, onda kompaniýanyň her gün tas 100 mln dollar (has takygy, 93,8 mln dollar) gazanýandygyny görmek bolýar.

Umuman aýdanyňda, geçen ýyl YouTube-yň girdejisi tutuş aýdym-saz pudagynyň (üç leýbl Sony Music Entertainment, Warner Music Group, Universal Music Group-yň girdejisini goşsaň) girdejisinden ýokary boldy. Bu üç ägirt geçen ýyl 21,6 mlrd dollar gazandy, YouTube bolsa 28,84 mlrd dollar gazandy.

Bu iş ýüzünde mazmun döredijilere nähili täsir etdi diýen sorag ýüze çykýar. Platformanyň administratorlary 12 aýyň içinde döredijilere 4 milliard dollardan gowrak töländiklerini belleýärler.

Ýene degişli makalalar

Täze film
Saz läheňleri tagallalaryny birleşdirýärler
Supermeniň iti, Betmeniň tazysy, Wonder Women-iň kengrusy, Fleşiň pyşbagasy…
Gülgün reňkli Barbi
Sony, Universal we Warner emeli aň ulgamyndaky startaplaryň üstünden kazyýete arz etdi
Amitabh Baççan Mugallyma atly rus filminiň hindi nusgasynda surata düşer