“YouTube”-da iň meşhur oýun aýdyldy. Oňa şu ýyl 201 milliard gezek tomaşa edildi

“YouTube”-da iň meşhur oýun aýdyldy. Oňa şu ýyl 201 milliard gezek tomaşa edildi

Meşhur “YouTube” wideo hyzmatynyň topary 2020-nji ýylyň jemlerini jemleýär. Şunuň bilen baglylykda, mowzuklardaky wideolaryň sanyna esaslanyp, “YouTube”-da oýunlaryň meşhurlygy baradaky statistika köpçülige hödürlenildi. Bu barada se7en.ws habar berýär.

Statistikalar Twitter sosial ulgamynda resmi "YouTube Creators" sahypasynda çap edildi.Netijede, 2020-nji ýylda iň köp görlen oýun Minecraft boldy. "YouTube" ulanyjylary oňa 201 milliard gezek tomaşa etdiler.

Ikinji ýeri 76 milliard tomaşa bilen “Roblox” eýeledi, ondan soňra 72 milliard tomaşa bilen “Garena Free Fire”, 70 milliard tomaşa bilen “Grand Theft Auto V” we 5-nji ýerde bolsa 67 milliard tomaşa bilen “Fortnite” ýerleşdi.

Umuman alanyňda, ulanyjylar "YouTube"-da oýun kontentine tomaşa etmek üçin 100 milliard sagatdan gowrak wagt sarp etdiler.Bu bolsa 11,5 million töweregi ýyl diýmekdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda etniki özbeklerden öz milli atlaryny dakmazlyk talap edilýär
12-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
"Aşgabatda üýtgeşikligiň boljagyna umyt edýärin, ýöne munuň üçin olar çagyryşlaryň hötdesinden gelmeli" - Edward Lemon
YouTube Music goşmaçasynda indi aýdymy hiňlenip tapyp bolýar
Sony ýene on ýyldan dünýäniň nähili özgerjekdigini görkezdi
Bilermen Dubnow türkmen häkimiýetlerini Şyhmyradowyň ykbalyny aýan etmäge çagyrýar
Türkiýede bikanun ýaşaýan türkmenleriň watanda galan garyndaşlary türk wizasyny alyp bilmeýär