Ýollar halklary dostlaşdyrýar

Halklaryň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklarda ýollaryň ähmiýeti uly bolupdyr.Islendik döwürde-de şol wagtyň tehniki ösüşine laýyklykda ilatly nokatlaryň arasynda ýollar gurlupdyr. “Il ýörän ýer ýol bolar” diýlişi ýaly, ilkinji ýollar ýük we müngi mallarynyň yzygiderli geçmegi netijesinde döräpdir.

Uzak aralygy geçmäge niýetlenen ilkinji ýollar daşdan gurlupdyr.Ilkinji daş ýollaryň miladydan ozalky 2200-nji ýyllarda Mesopotamiýada gurlandygy barada maglumatlar bar. Şondan 2000 ýyl soňra Rimde daş ýollar peýda bolupdyr.

Ol ýollar imperiýanyň dürli künjeklerini birleşdiripdir. Şeýle hem Ýewropa we Demirgazyk Afrikanyň arasynda gysga wagtda syýahat etmäge mümkinçilik beripdir.Günorta Amerikada XV we XVI asyrlarda ýollaryň giň tory peýda bolupdyr.1800-nji ýyllaryň başlarynda şotlandiýaly Jon Makadam has berk ýol gurmagyň usulyny oýlap tapýar.

Ol ýol guruljak ýeri gazyp, aşagyna maýda daşlary düşemegi we ulaglaryň tigirlerine zeper ýetmez ýaly onuň üstüne garasakgyç we şepbik gatlagyny düşäpdir.Rim imperiýasyndan şol döwre çenli, esasan, araba goşulan öý haýwanlarynyň agyr ýükleri daşamaklary üçin gurlan ýollar iri daşlaryň üstüne maýda çagyllaryň düşelmegi bilen gurlupdyr.

Makadam 1820-nji ýylda agyr silindr bilen ululy-kiçili daşlary basgylap, has berk ýollary gurýar.Birnäçe gatlakdan ybarat bolan ýoluň ortasy has belent, iki tarapyndan ýagyn suwy syrygyp toplanar ýaly lagym bolupdyr. Şeýlelikde, olaryň uzak wagtlap bejergä zerurlygy bolmandyr.

Onuň bu usuly ýolda sarp edilýän wagty ep-esli azaldan hem bolsa, şol döwürler ýüze çykyp başlan motorly ulaglar tozanyň göterilmegine getiripdir.Bu meselä uelsli Edgar Purnell Huli çözgüt tapýar.

Inžener bir-birine ýapyşyp durmagy üçin çagylyň ýüzüne gyzgyn asfalty guýmagy teklip edýär.Ol 1901-nji ýylda asfaltyň patentini alýar.Nebit önümi hasaplanýan asfalt 5000 ýyldan gowrak wagtdan bäri ulanylýan hem bolsa, geçen asyryň başlarynda ýol gurmakda giňden peýdalanylyp başlanýar.

Iri nebit gorlarynyň tapylmagy hem awtoulaglaryň sanynyň artmagyna, hem-de gara ýollaryň köp mukdarda gurulmagyna we şol ýollarda asfaltyň ulanylmagyna getiripdir.

Ýewropa ýurtlary bilen bir hatarda ABŞ, Kanada, Ýaponiýa, Braziliýa we Argentina ösen gara ýol ulgamyna eýedir.Taryhdaky iň ähmiýetli söwda ýoly hasaplanýan Beýik Ýüpek ýoly Hytaýdan başlap, Orta Aziýa ýurtlarynyň üsti bilen Ýewropa çenli uzapdyr. Ýüpek, keramika, kagyz, ysly otlar we beýleki gymmat bahaly harytlaryň daşalan bu ýoly dünýäde iň meşhur taryhy söwda ugrudyr.Demir ýol ulgamynda bolşy ýaly, tehnikanyň ösmegi giň we uzak şäherara ýollaryň döremegine getiripdir.Gollandiýada her 1000 km2 meýdana 55,6 km awtoýol düşýär.Miladydan ozal V asyrda Mesopotamiýada Ninewiýa şäheri (häzirki Yragyň Musul şäheri) bilen Sard şäherleriniň (häzirki Türkiýäniň Izmir şäheriniň golaýy) arasynda Patyşa ýoly atly daş ýol gurlupdyr.

Ýene degişli makalalar

Noly kim oýlap tapdy?!
Türkmen alabaýy-milli baýlyk, wepadar dost we tapylgysyz kömekçidir
30.08.2018 | Türkmenistanyň medeni mirasy - adamzadyň baýlygy
Margiananyň gadymy genji-hazynasy Ýewropanyň jemgyýetçiliginiň üns merkezinde
Gadymy Margiananyň taryhy-medeni gymmatlyklary Ýewropa sergisinde
25.04.2018 | Gadymy Margiananyň taryhy-medeni gymmatlyklary Ýewropa sergisinde