Ýolçylar Aşgabat-Daşoguz otlysyna bilet satyn almak üçin gijesini demirýol menziliniň kassasynyň öňünde geçirýärler

Ýolçylar Aşgabat-Daşoguz otlysyna bilet satyn almak üçin gijesini demirýol menziliniň kassasynyň öňünde geçirýärler

Türkmenistanyň welaýatlarynyň serhedi arkaly hereketlerde Covid-19 oňaýsyz synag talabynyň ýatyrylandygyna garamazdan, sebitara awtobus gatnawlary entek ýola goýulmady diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” jurnalistleri habar berýärler.

Bu bolsa, demirýol gatnawlaryna talabyň ösmegine, olam öz gezeginde otla biletleriň ýetmezçiligine getirdi.

Tehniki meseleleriň tiz-tizden döreýändigi sebäpli internetden bilet satyn almak çetin.

Adatça, ”Türkmen demirýollarynyň” saýtynda zerur otla ýeriň ýokdygy görkezilýär. Haçanda, otlyda boş ýer bolanda,bilet almak üçin ýer saýlamak tilsimi işlemeýär, islendik boş ýeri baglamagam mümkin bolmaýar.

Saýtda aýdylmagyna görä, biledi Iphone we Android mobil goşmaçalar arkaly satyn almak mümkin.Emma, görkezilen goşmaçalar boýunça degişli dükanlar ýaňlyş we sahypa tapylmady diýilýär.Ony gözlegden hem tapmak mümkin däl.

Ýokanjyň başlamagy bilen ýapylan Çoganlydaky awtodemirýol menzilinde öňünden (5 gün) bilet satýan kassalar entek işlemeýär.

Kimde-kim gyssagly gitmeli bolsa, onda planlaýan gününden bir gün owalky akşam demirýol menziline barýar we bütin gije garaşýar. Şeýle adamlar gaty köp we olaryň ýarysy bilet satyn alyp bilmeýärler.

Daşoguza çenli otly biledi plaskart ýer üçin 40 manada, küpeden ýer üçin 60 manada deň.

Şonuň ýalyda, uçar biledini tapmakda hem meseleler ýüze çykýar.Onuň resmi bahasy 150 manat, emma, diňe araçylar arkaly 300 manada satyn almak mümkin.

Bikanun taksiçiler Daşoguza çenli ýolçylaryň sanyna görä 150-300 manat alýarlar.

Adamlar Aşgabat-Daşoguz ýolunyň berbatdygyny aýdýarlar.Belki, hut şol sebäpli,sebite awtobus gatnawy ýok.

Mundan birnäçe gün owal öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, Daşoguz welaýatynda ýollar düýpli rejelenmeýär, ol welaýat häkimine “eger başgaça işläp başlamasa” wezipesinden çetleşdiriljekdigini duýdurdy.The post Ýolçylar Aşgabat-Daşoguz otlysyna bilet satyn almak üçin gijesini demirýol menziliniň kassasynyň öňünde geçirýärler first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň prezidenti Demirgazyk Koreýanyň metbugatyna makala ýazdy
BMG Gar barsynyň halkara gününi döretdi
Täze Ýyldan Bäri Bikanun 5 Müň 466 Immigrant Ýurtdan Çykaryldy
124 Müň 441 Bikanun Immigrant Ýurtdan Çykaryldy
Terror guramasyna agza terrorçylar serhet zolagynda saklandylar
“Türk Maýa Goýum Gaznasynyň Gysga Wagtda Döredilmegi Peýdaly Bolar”