Ýolagçylaryň ençemesi aeroportlarda kowid testiniň saklanyp galmagyna nägilelik bildirýär

Ýolagçylaryň ençemesi aeroportlarda kowid testiniň saklanyp galmagyna nägilelik bildirýär

Dünýäde koronawirus pandemiýasynyň tamamlanandygyna garamazdan, ýurtda daşary döwletlerden Türkmenistana gelýän ýolagçylardan kowid testini (PCR) almak düzgüniniň saklanyp galmagy, türkmen ýolagçylarynyň ençemesiniň arasynda nägilelik döredýär.

Ýolagçylar muny “türkmen häkimiýetleriniň raýatlary talamagynyň ýene bir usuly” atlandyrýarlar. Bu barada ýakynda ýurda dolanan türkmen raýatlarynyň ençemesi Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky habarçysyna gürrüň berdi.

“Men geçen hepde daşary ýurtdan Aşgabadyň halkara aeroportuna geldim. Aeroportuň işgärleri menden we beýleki ýolagçylardan bahasy 62 manat bolan PCR testini tabşyrmagy talap etdiler. Ýöne soňra testiň netijelerini hiç kim barlamady. Ýolagçylar testiň netijelerini görkezýän şahadatnamalary zibil gutularyna zyňdylar” diýip, lebaply ýaşaýjy öz başdan geçiren ýagdaýlaryny anonimlik şertinde gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol testler üçin alynýan tölegiň mukdarynyň hem üýtgäp durýandygyny, aeroportuň işgärleriniň bir ýolagçydan 62 manat alsa, beýlekisinden 60 manat alýandygyny hem belledi.

“Mundan başga-da, ýanynda türkmen manady bolmadyk ýolagçylardan dollarlaryny gara bazar nyrhyndan tas ýedi esse pes bolan Merkezi bakyň kursunda çalyşmak talap edilýär. Köp adam bir ABŞ dollaryny 20 manada çalyşmagyň deregine 3,5 manada çalyşmaga mejbur boldy” diýip, ýakynda ýurda dolanan başga bir lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Bütindünýä saglyk guramasy 2020-nji ýylyň martynda başlan Covid-19 pandemiýasynyň ýatyrylandygyny 2023-nji ýylyň maýynda yglan etdi.

Gurama COVID-19 infeksiýasynyň mundan beýläk halkara derejesindäki ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý däldigi baradaky kararyna gelendigini 5-nji maýda habar berdi.

Muňa garamazdan, türkmen häkimiýetleri tutuş dünýäde pandemiýa gutaryp, ähli çäklendirmeler ýatyrylsa-da öz aeroportlarynda koronawirus testlerini almak talabyny häzirki güne çenli saklap galýarlar.

Daşary ýurtlardan watanyna dolan ýan türkmen raýatlary bu testleriň diňe ýüzleý, göz üçin edilýändigini, üstesine-de, pandemiýa gutarandygy sebäpli onuň zerurlygynyň ýokdugyny aýdyp, nägilelik bildirýär.

“Bu, adamlaryň wagtyny, puluny almakdan başga zat däl. Ýolagçylar aeroport işgärlerine pandemiýanyň ýatyrylandygyny aýdyp, testi tabşyrmak islemeýändiklerini aýdýarlar. Ýöne işgärler “problema islemeýän bolsaň, tabşyr” diýensoň, ýolagçylar özünden bahana tapylmagyndan howatyrlanyp, testi tabşyrmaga razy bolýarlar” diýip, ýakynda Türkiýeden Türkmenistana gelen lebaply başga bir ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň aeroportundan telefon arkaly teswir alyp bilmedi.

Türkmen raýatlarynyň dünýäde koronawirus pandemiýasynyň tamamlanandygyna garamazdan, daşary döwletlerden Türkmenistana gelýän ýolagçylardan kowid testiniň (PCR) alynmagyna nägilelik bildirýändigi barada Azatlyk mundan ozal hem ençeme gezek habar berdi.

Geçen ýylyň maýynda Azatlygyň ygtybarly çeşmeleri kowid testini tabşyrman hem aeroportdan çyksa bolýandygyny, bu mümkinçiligiň resmi bolmadyk nyrhynyň her bir ýolagçy üçin 50 dollara durýandygyny gürrüň beripdi.

Türkmenistan häzirki güne çenli öz çäginde COVID-19 ýokanjynyň düýpden hasaba alynmandygyny öňe sürýär.

Türkmenistan häzirki güne çenli öz çäginde COVID-19 ýokanjynyň ýekeje-de hadysasynyň hasaba alynmandygyny tutanýerlilik bilen öňe sürýär.

Azatlygyň ýurduň saglyk pudagyndaky ygtybarly bir çeşmeleri ýurtda koronawirusdan azyndan 25 müň adamyň ölendigini habar berdiler. Türkmen resmileri bu maglumaty ne tassykladylar, ne-de ret etdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Täze awtobuslar awtoparklarda könelýärkä, lebaplylaryň transport kynçylyklary ýitileşýär
Garaşsyzlyk baýramyna mejbury taýýarlyklar dowam edýär, talyplar arassaçylyga çekilýär
Nigeriýada Ýolagçy Awtobusy Nyşana Alyndy
Diňle: Ýolagçylaryň ençemesi aeroportlarda kowid testiniň saklanyp galmagyna nägilelik bildirýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Aşgabatda jemgyýetçilik awtobuslarynyň gatnawy ýaramazlaşdy