
Indoneziýanyň Ulag ministrligi ýerli Batik Air awiakompaniýasyna degişlilikde derňew işlerine başlady, munuň sebäbi kompaniýanyň uçarmanlarynyň ikisi uçuş wagty uklady. Bu barada Metro neşirine salgylanýan Gazeta.ru habar berýär.
Waka Jakarta uçuş wagty boldy, uçarda 153 ýolagçy we uçuşyň topary bardy. Asmana göterilenden biraz wagt soň uçarmanlaryň biri ýoldaşyndan dynç almaga rugsat alyp, şolbada uklady, iki minutdan soňra howa gämisiniň serkerde uçarmany hem uka gitdi.
Uçarmanlar ýarym sagatlap, dispetçer gullugy bilen aragatnaşyga çykmadylar, uçar bolsa ugrundan çykdy. Uçarmanlaryň biri oýanyp, uçuşyň ugruny düzetdi.
Uçarmanlaryň ikisi hem işden boşadyldy, howa hadysasynyň sebäpleri bilen ýurduň Ulag ministrligi meşgullanýar.