Şweýsariýanyň M1nd-set agentligi dünýäniň syýahatçylyk pudagy barada täze maglumat taýýarlady.Maglumata görä, geljek ýyl dünýäde uçar arkaly syýahat edýän ýolagçylaryň sany 4,22 milliarda ýeter.Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 8,3 göterim ýokary bolar. Ýewropa ýurtlary 2 milliard ýolagçy bilen uçar gatnawynda birinji bolmagynda galar. Şeýle-de bolsa, sebitiň ýolagçylarynyň global ýolagçylaryň arasyndaky paýy azalar.
Netijede, dünýäde halkara gatnawdan peýdalanýan ýewropalylaryň sany umumy ýolagçylaryň 46,9 göterimini emele getirer.Aziýa-Ýuwaş ummanynyň global gatnawdaky paýy artyp, 25,5 göterime ýeter.Bilermenler sebitiň ýaşaýjylarynyň halkara syýahata has köp gitmeginde ykdysady ösüşiň täsiriniň bardygyny belleýärler.
Ogulşat HAŞYROWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby. /* custom css */ .td_uid_15_67655e73a7d58_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67655e73a7d58_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }