Ýolagçy otlularynyň gatnaw tertibi täzelendi, Aşgabatda şweýsar şokaladynyň resmi dükany açyldy, Gazpromyň ýolbaşçylary Türkmenistana gelerler we beýleki habarlar

Ýolagçy otlularynyň gatnaw tertibi täzelendi, Aşgabatda şweýsar şokaladynyň resmi dükany açyldy, Gazpromyň ýolbaşçylary Türkmenistana gelerler we beýleki habarlar

1. Türkmendemirýollary agentligi demirýol gatnawlarynyň tertibini täzeledi. 1-nji iýuldan başlap, ýolagçy otlulary gündelik Aşgabatdan Türkmenbaşy, Daşoguz, Türkmenabat, Mary, Amyderýa tarap we yzyna hereket ederler.

2. Aşgabatda bütin dünýäde meşhurlyk gazanan Lindt haryt nyşanly şweýsar şokoladynyň ilkinji resmi dükany açyldy. Ol Alyşir Nowaýy köçesiniň ugrundaky Altyn zaman söwda merkeziniň birinji gatynda ýerleşýär. Bu ýerde şokolad önümleriniň ýüzden gowrak görnüşleri hödürlenýär.

3. Ýakyn günlerde Gazpromyň ýolbaşçyssy Aleksandr Miller Türkmenistana geler. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Aşgabatda geçirilen altynjy Hazar sammitiniň çäklerinde žurnalistler bilen duşuşygynda belledi.

4. Türkmennebit döwlet konserni we Dragon Oil (Turkmenistan) Ltd kompaniýasy nebiti gazyp almak boýunça ylalaşygyň möhletini 2035-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli uzaltmak hakynda şertnama gol çekdiler.

5. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýurdumyzyň telekeçilerine 2022-nji ýylyň birinji ýarymýyllygy üçin pensiýa gatançlaryny tölemek boýunça hasabat döwrüniň başlanandygyny ýatladýar. Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna laýyklykda, pensiýa gatançlaryny şu ýylyň 1-nji iýulyndan 15-nji awgustyna çenli tölemek mümkindir.

6. Russiýada koronawirus pandemiýasy sebäpli girizilen ähli çäklendirmeler ýatyryldy. 1-nji iýuldan başlap jemgyýetçilik garbanyşhanalaryna gije işlemäge rugsat berildi. Indi jemgyýetçilik ýerlerinde örtük dakynmak we beýleki çäklendirmeler talap edilmeýär.

7.Gazagystanyň käbir sebitlerinde adaty bolmadyk yssy howa sebäpli otlularyň hereket tizligine çäklendirme girizildi.Käbir ýerlerde howanyň temperaturasynyň + 40°С - + 45°С çenli ýokarlanandygy üçin demir ýol relsleri + 58°С - 62°С çenli gyzýar. 8.

Türkmen toparalary AFK-nyň Çempionlar ligasyna gatnaşmak mümkinçiligini ýitirdi.Altyn asyr we Köpetdag AFK Kubogy-2022 çempionatynyň zolaklaýyn finala çykyp bilmediler. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistan AFK-nyň milli assosiasiýalarynyň futbol toparlarynyň sanawynda Günbatar zolagynda Kuweýtden öňe geçmek mümkinçiliginden mahrum boldy we häzir onda 11-nji orny eýeleýär.

9.Basketbolyň 3×3 görnüşi boýunça FIBA-nyň Aziýa Kubogy ugrunda duşuşyklaryň tertibi we oňa gatnaşýan Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň garşydaşlary mälim edildi.Aziýanyň iň güýçli milli ýygyndylarynyň gatnaşmaklarynda Singapurda geçiriljek çempionat 2022-nji ýylyň 6-10-njy iýuly aralygynda dowam eder.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy bije çekişlikde E topara düşdi (Guam, Gazagystan, Papua-Täze Gwineýa) we Aziýanyň Kubogy çempionatyndaky çykyşyna 6-njy iýulda başlar.

Ýene degişli makalalar

DAŞARY ÝURT RAÝATLARYNY TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ 300 ÝYLLYGYNA ATLY ÝUBILEÝ MEDALY BILEN SYLAGLAMAK HAKYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
S7 Airlines Türkmenistana howa gatnawlarynyň ýygylygyny artdyrar, Germaniýa doly derejede Türkmenistanyň raýatlaryna wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy, Türkmenistana Türkiýäniň parlamentiniň ýolbaşçysy geldi
Doganlyk halklaryň dostluk festiwaly
Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-özbek dostluk festiwalyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmenistan awiakompaniýasy onlaýn görnüşde petekleriň satuwyny dikeltdi, Türkmenistanda ýaş maşgalalar üçin ýeňillikli karzlaryň mukdary artdyryldy, we Aşgabat-Serhetabat ugry boýunça demir ýol gatnawy dikeldildi
Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwaly geçirilýär