Golaýda “Azatlyk” radiosy Türkmenistanda 18 harby gullukçynyň ölendigini we jesetleriniň Lebap welaýatyna getirilendigini habar beripdi.
Ölen harby gullukçylaryň jesetleri Lebapdaky hossarlaryna gowşurylanda, olaryň Aşgabat şäheriniň golaýynda bolan awtoulag heläkçiliginde ýogalandyklary, tabytlary açmaga rugsat berilmeýändigi aýdylypdy.
“Azatlygyň” žurnalistleriniň çaklamalaryna görä, harbylaryň Aşgabatdan Owganystan bilen serhetdäki Mary welaýatyna ýerleşdirilen bolmaklary ähtimal.
Emma,indi ölenleriň sanynyň 30-dan gowrak adama ýetendigi habar berildi. Ýol heläkçiligi “Halk hakydasy” atly ýadygärlikler toplumynyň golaýynda boldy. Ol ýerde esgerler üçin Gurbanlyk baýramy bilen bagly günortanlyk berildi.
Bu baýram 20-22-nji iýulda bellenýär.
10-dan gowrak “Kamaz” kysymly ulagdan ybarat harby kerwen Bekrewedäki garnizona barýardy. Şu günler esgerler garaşsyzlygyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk paradyna taýýarlanýardylar.
“Azatlyk” goranmak ministrligine ýakyn çeşmesiniň gürrüňini getirýär:
“18-nji iýulda goranmak ministrliginiň ýolbaşçylary garaşsyzlyk gününe taýýarlyk çärelerine gatnaşýan esgerler üçin Gurban baýramy mynasybetli sadaka bermek kararyna geldiler.
Sadaka “Halk hakydasy” toplumynda gurnaldy.Bu ýerde çäreleri geçirmek üçin uly zal bar.Esgerler günortanlyk naharyny edindiler we günortan sagat iki töweregi 10 çemesi KamAZ ýük ulagyndan ybarat harby kerwen garnizona tarap ýola düşdi. Ýadygärlikler toplumynyň ýerleşýän depesinden aşak inip barýarka, sekizinji awtoulagyň sürüjisi, tormozyň näsazlygy sebäpli ulagyň dolandyryşyny ýitirdi.
Sekizinji “Kamaz” ýokary tizlik bilen öňdäki ulagy kakyp, ony ýoluň gyrasyna itekledi we ulaglar birnäçe gezek agdaryldy.Ulaglaryň ikisi hem agdarylany sebäpli olaryň ikisinde hem heläk bolanlar bar. Ýöne heläk bolanlaryň aglabasy sekizinji ulagdady”.
Başga-da 20-den gowrak adam agyr ýaralar bilen keselhana ýerleşdirildi diýip radio maglumat berdi.The post Ýol ulag heläkçiliginde ölen harbylaryň sany 30 adamdan geçýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.