Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda we Balkan welaýatynyň administratiw merkezi bolan Balkanabat şäherinde Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň (PÝGG) işgärleri ýaşyl döwlet belgili awtoulaglara gözegçiligi güýçlendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky we Balkanabatdaky habarçylary habar berýärler.
Aşgabatdaky habarçymyz soňky 5-6 günüň dowamynda PÝGG-niň paýtagtdaky jerime duralgasyna getirilen ýaşyl döwlet belgili ulaglaryň sanynyň görnetin artandygyny habar berýär. Balkanabatdaky habarçymyz soňky günlerde 200-den gowrak ýaşyl döwlet belgili ulagyň ýerli polisiýanyň jerime duralgasyna getirilendigini habar berýär.
Azatlygyň çeşmeleri ýurduň köçelerinde hereket edýän ýaşyl döwlet belgili ulaglaryň şu wagta çenli ýol polisiýasynyň "aýratyn eglişiginden" peýdalanyp gelendiklerini aýdýarlar.
“Ýol polisiýasy Aşgabatdaky aw-şikäriniň nobatdaky tapgyrynda ýaşyl döwlet belgili awtoulaglary nyşana alýar. Döwlet edaralaryndan daşary, hususy firmalar, esasan-da iri hususy kompaniýalar hem ýaşyl döwlet belgilerini ulanýan ekeni” diýip, paýtagtly çeşme Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysyna gürrüň berýär.
Balkanabatdaky habarçymyzyň maglumatlaryna görä, ýedi ýyl töweregi mundan ozal Türkmenistanda hususy firmalara degişli ýeňil awtoulaglara we ýük ulaglara ýaşyl döwlet belgisiniň dakylmagyna kanun esasynda rugsat berlipdir, ýöne bu karar soňy bilen ýatyrylypdyr.
“Bu kararyň ýatyrylandygy sebäpli indi firmalardaky telekeçilere degişli awtoulaglaryň ählisiniň döwlet belgisiniň ak reňkde bolmagy talap edilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Balkanabatdaky habarçysy habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet edaralary öz inwentaryndaky awtoulaglara ýaşyl döwlet belgisini dakdyrýarlar. Hususy awtoulaglara ak reňkli döwlet belgisi berilýär. Şeýle-de, Türkmenistandaky daşary ýurt wekilhanalarynyň awtoulaglaryna gök reňkli döwlet belgisi dakylýar. Has ozal, ýurtda hereket edýän daşary ýurt kompaniýalarynyň hasabyndaky awtoulaglar sary reňkli döwlet belgisi bilen hasaba alynýardy.
Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli hususy firmalara ýaşyl döwlet belgisiniň dakylmagyna rugsat berilmeginden soňra ilat arasynda awtoulaglara ýaşyl belgi almak isleginiň ýokarlanandygyny habar berýär. Bu meýil ýol polisiýasynyň ýaşyl döwlet belgili ulaglara has eglişikli çemeleşmegi bilen düşündirilýär.
Mundan ozal, häkimiýetleriň ýaşyl belgilere köplenç geçirimlilik etmegi, çeşmämize görä, köp sanly gymmat bahaly hususy ulag sürüjilerini “tanyş üsti bilen”, ýa-da käbir hususy firmalaryň kömegi bilen ýaşyl döwlet belgisini almaga meýil etdirýär.
“Şeýlelikde, bu arzan hyzmat’ ýoň bolup başlady. Kimler hakykatdan-da firmada işleýär, kimler diňe firmanyň hasabynda dur. Aýdylmagyna görä, ýol polisiýasy aw-şikäre ilkinji nobatda “gözden düşen firmalardan” başlapdyr. Soňky 5-6 günüň içinde ýaşyl döwlet belgili bir topar ulag jerime duralgalaryna getirildi” diýip, Azatlyk Radiosynyň paýtagtly çeşmesi gürrüň berdi.
Jerime duralgalaryna getirilen ulaglaryň arasynda Aşgabat belgili ulaglar-da, sebitleriň döwlet belgilerini göterýän ulaglar-da bar.
Azatlygyň çeşmesi jerime duralgalaryna getirilýän ulaglaryň arasynda “eltip bermek hyzmaty” bilen meşgullanýan awtoulaglaryň hem bardygyny aýdýar. Onuň maglumatlaryna görä, Aşgabatda satyn alnan iýmit önümlerini ýa-da başga harytlary bir ýerden başga ýere “eltip bermek hyzmaty” meşhurlyga eýe bolup barýar we bu hyzmat köpler üçin amatly bolup durýar.
Balkanabatdaky habarçymyz geçen hepdäniň dowamynda 200-den gowrak ýaşyl döwlet belgili awtoulagyň ýerli PÝGG-niň jerime duralgasyna eltilendigini habar berýär.
Türkmenistanda Içeri işler ministrliginiň düzümindäki Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy köçe-ýol hereketiniň düzgünleriniň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.
Türkmenistanyň “Awtomobil ulagy hakynda” kanuny ýurtda awtomobil ulagynyň işlemeginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär, “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” kanun köçe-ýol hereketini düzgünleşdirýär.
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýurduň beýleki käbir ugurlary bilen bir hatarda ulag ulgamyna döwlet gözegçiligini ýerine ýetirýär.
Soňky aýlarda ýurt boýunça ýol hereketine gözegçilik has-da güýçlendirildi. Ýurduň administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilip ýol hereketini bozmakda aýyplanýan adamlara salynýan jerimeler birnäçe esse artdyryldy.
Türkmenistanyň hökümeti dilden görkezme esasynda ýurduň çäginde hereket edýän awtoulaglaryň hatda reňkini hem kesgitleýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.