Ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny şowsuz tabşyran ýaşlar öz tejribelerini paýlaşýar

Ýokary okuw jaýyna giriş synaglaryny şowsuz tabşyran ýaşlar öz tejribelerini paýlaşýar

Ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary ahyrlaýan mahaly, okuwa kabul edilen talyplar täze okuw ýylyna taýýarlyk görýär, şowsuz synag tabşyran ýaşlar geljekki durmuş meýilnamalaryny gözden geçirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenabatda ýerleşýän Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda geçirilen giriş synaglary we synaglaryň yzda galdyran täsirleri barada habar berýär.

“Synagdan geçip bilmedik gyzlaryň arasynda aglamaýan gyz tas ýok diýen ýalydy. Indiki tapgyra geçdim diýip, begenýän adam az boldy” diýip, şu ýyl mugallymçylyk institutyna dalaş eden bir talyp aýdýar.

Şowsuz synag tabşyran beýleki bir ýaş ýigit harby gulluga gidip, soňra daşary ýurtlaryň ýokary okuw jaýlaryna synanyşmagy meýilleşdirýär.

“Men şu ýyl Taryh fakultetine dalaş etdim. Synag biletlerindäki ähli soraglara jogap bermek üçin 30 minut wagt berilýär, ýöne meni 10 minutdan soň çagyryp, soraglara doly jogap bermäge mümkinçilik bermediler” diýip, ikinji dalaşgär hamsygýar.

“Erkek oglan bolsam-da, göz ýaşymy saklap bilmedim. Eger-de maşgalamda ýeterlik pul bolanda, men daşary ýurtlara gidip okardym emma mümkinçiligimiz ýok. Indi bolsa, gulluga gitmeli. Gullukda bar öwrenen zatlaryňy ýatdan çykarar ýaly edýärler. Gullukdan soňra, karz alyp, belki daşary ýurtlara giderin, ýöne Türkmenistandaky ýokary okuw jaýlarynyň ýüzüne seretmerin” diýip, ýaş ýigit gürrüň berýär.

Maglumat üçin aýdylsa, şu ýyl sebitlerde orta mekdebi tamamlap, gulluk ýaşyna ýeten raýatlaryň iýun aýynda gyssagly ýagdaýda harby gulluga alnyp gidilen halatlary köp boldy.

Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary her ýyl korrupsiýa aladalarynyň arasynda geçirilýär, ýöne seýrek hem bolsa, öz güýjüne’ we bilimine daýanýan we synaglary üstünlikli tabşyryp, ýokary okuw jaýlaryna kabul edilýän raýatlar hem bolýar.

Giriş synaglaryna gatnaşýan raýatlaryň aglabasy şol umyt bilen ýokary okuw jaýlarynyň gapysyndan ätleýärler, ýöne synaglardan geçip bilmedik raýatlar gynanç duýgularyny başdan geçirýärler.

Azatlyk Radiosynyň Lebap welaýatyndaky çeşmeleri synaglaryň öňüsyrasynda şu ýyl öz güýjüne ýokary okuw jaýlaryna kabul ediljek ýaşlaryň sanynyň ardyryljakdygy barada myş-myşlaryň peýda bolandygyny aýdýarlar.

“Muňa garamazdan, öz güýjüne okuwa giren talyplaryň sany gaty az boldy. Her toparda bir sany talyp öz güýjüne alnypdyr diýip, kärdeşlerim aýdýar” diýip, ýokary okuw pudagyndaky bir çeşme aýdýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri baryp mart aýynda ýurduň käbir ýokary okuw jaýlaryna girmek üçin soralýan paranyň möçberleri barada habar berdiler.

Şonda iň köp möçberlerdäki paranyň ýurduň ýokary okuw jaýlaryndaky lukmançylyk we hukuk fakultetlerine girmek üçin soralýandygy mälim bolupdy.Bu fakultetlere okuwa girmegiň bahasy takmynan 25 müň dollar, ýagny ýarym million manat hökmünde habar berildi.

Galyberse-de, çeşmelere görä, Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň beýleki käbir fakultetlerine okuwa girmek üçin soralýan paranyň möçberi 15 müň dollar, ýagny 300 müň manat çemesi boldy.

Ýagdaýdan habarly çeşmeler, lukmançylyk ugry boýunça orta hünär mekdeplerine okuwa girmegiň bahasynyň 7,5 müň dollara, ýagny 150 müň manada barabar bolandygyny habar berdiler.

Bu aralykda, korrupsiýa aladalarynyň arasynda ýokary okuw jaýlaryna talyplyga kabul edilen ýaşlar öňümizdäki okuw ýylyna taýýarlyk görýärler.

Taýýarlyk işleri türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda mugallymlaryň synagdan geçen talyplar bilen tertip-düzgüniň berjaý edilmegi barada geçiren ýygnaklary bilen batlandy. Şeýle-de, bu ýokary okuw jaýynda okuw ýylynyň öňüsyrasynda ýowar geçirmek meýilleşdirilýär.

“Okuwa kabul edilen erkek raýatlar 25-nji awgustda institutda geçiriljek köpçülikleýin ýowara gatnaşmaga çagyrylýarlar” diýip, dänewli çeşme aýdýar.

“Bizi talyplaryň okuwy gyzyklandyrmaýar. Esasy zat, tertip-düzgüniň hem-de talyplardan edilýän ähli talaplaryň gyşarnyksyz berjaý edilmegidir” diýip, ol täze talyplar bilen institutda geçirilen soňky ýygnakda bilim resmisiniň aýdan sözlerini getirýär.

19-njy awgustda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynda talyplyga kabul edilen ýaşlardan 3 müň 200 manat möçberinde pul serişdeleriniň toplanyp, talyplara sport formalaryny we egin-eşikleri, şol sanda milli tahýalary satyn almagyň meýilleşdirilýändigini habar berdi.

Şu ýyl ýurduň köp sanly ýokary okuw jaýynda giriş synaglaryna iýulyň ahyrynda badalga berildi we synaglar takmynan üç hepde dowam etdi. Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda synaglar 17-nji awgustda tamamlandy. Giriş synaglary bilen baglylykda käbir professor-mugallymlar tomusky dynç alyşdan doly peýdalanyp bilmändirler.

Azatlyk Radiosynyň çeşmeleri bu ýokary okuw jaýynda her ýylda 45 gün dynç almaga hukugy bolan mugallymlaryň aglabasynyň, giriş synaglary sebäpli, bary-ýogy 20 gün çemesi dynç alyp bilendiklerini aýdýarlar.

Şol bir wagtda, giriş synaglary güýçli gözegçilik astynda geçdi. Azatlyk Radiosynyň habarçysy synag döwründe bu institutyň çäginde dalaşgärlere telefonda surata ýa-da wideo düşürmegiň berk gadagan edilendigini habar berýär.

Türkmenistanda şu ýyl 80 müň çemesi okuwçy orta mekdeplerden uçurym boldy. Resmi maglumatlara görä, 16 müň çemesi raýat şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna talyplyga kabul edilýär.

Ýurduň ähli ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglary dilden döwlet dilinde geçirilýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Syýahatçylardan iki esse salgyt alnar
Dalaşgär 2024: Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Türkmendeňizderýaýollary agentliginiň Türkmenbaşy şäherindäki deňizçilik orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024/magistr: Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instituty
Dejavu restorany çagalar üçin Täze ýyl balyna çagyrýar
Dalaşgär 2024: Lebap welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi
Dalaşgär 2024: Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi