Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 1-nji tapgyrynda tapawtulanan we täze möwsümiň ilkinji goluny geçiren Köpetdagyň hüjümçisi Ýazgylyç Gurbanow topar bilen Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orna geçdi.
Ýokary ligada Köpetdagyň düzüminde 22-nji pökgüsini geçiren hüjümçi 21 golly topardaşy Öwezbaý Muhammetmyradowy yzda galdyrdy. Sanawy birinji basgançagyndaky Begenç Akmämmedowyň hasabynda bolsa 26 gol bar.
Resmi däl maglumatlara görä, Begenç Akmämmedowyň bu möwsümde başga toparda çykyş etmegine garaşylýar. Şonuň üçin hem Ýazgylyç Gurbanow çempionatyň açylyş duşuşygyndaky badyny we hyjuwyny gowşatmasa, gaýtadan döredilen Köpetdagyň düzüminde Ýokary ligada iň kän tapawutlanan futbolçy bolup biler. Ol Türkmenistanyň çempionatynda Köpetdagdan başga toparyň köýnekçesini geýenok.