
Köpetdagyň futbolçysy Şiri Annaýew Ýokary liganyň şu möwsüminde 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalanan ilkinji oýunçy boldy.
Ol 1-nji tapgyryň çäginde Aşgabat şäherinde Şagadam bilen bolan duşuşygyň 80-nji minudynda baş emin Çarymyrat Gurbanowyň myhman toparyň derwezesine bellän 11 metrlik jerime urgusyndan dürs peýdalandy.
Ýokary liganyň geçen möwsüminde bary-ýogy 1 gol geçiren Şiri Annaýew şol goluny hem 5-nji tapgyrda 11 metrlik jerime urgusy bilen geçiripdi.
Şahsy hasaplamalarymyza görä, Şiri Annaýewiň Ýokary ligada 19, Köpetdagyň düzüminde çempionatda 11 goly bar.