ÝOJ-lara kabul edilen talyplaryň biometriki pasportlary ellerinden alynýar

ÝOJ-lara kabul edilen talyplaryň biometriki pasportlary ellerinden alynýar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutyna (TDMI) we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine (TDLU) täze kabul edilen talyplaryň biometrik maglumatly daşary ýurt pasportlary ýygnalyp alyndy. Bu barada bu ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we mugallymlary anonimlik şertinde Azatlyk Radiosynyň habarçylaryna maglumat berdiler.

“Zagran pasportlar alnanda, talyplara öz islegim boýunça pasportlary dekanada berýärin. ÝOJ-ny tamamlaýançam daşary ýurda gitmejekligime söz berýärin. Sözümde tapylmadyk ýagdaýymda okuwdan çykarylmak jezasyna hem razy’ ýaly sözler bilen dil haty hem ýazdyryldy” diýip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän TDMI-niň bir talyby anonimlik şertinde aýtdy.

Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, biometriki pasportlaryny bermekden we dil haty ýazmakdan boýun gaçyrýan talyplar okuwa asla kabul edilmeýärler ýa-da okuwdan çykarylmak bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Häkimiýetleriň talyplaryň biometriki pasportlaryny ýygnap almak çäresi soňky iki ýyl çemesi wagt bäri dowam edýär we pasportlar her bir fakultetiň dekanatynda saklanýar.

Bilim resmileri bu çäräniň sebäbi barada ýurt raýatlaryna, şol sanda talyplara aç-açan düşündiriş bermeýärler.

Ýöne käbir ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary muny “häkimiýetleriň ýaşlaryň ýurtdan çykmagynyň öňüni almak tagallalary” häsiýetlendirýärler.

“Gaýra goýulmasyz ýagdaý ýüze çykyp, dürli, şol sanda saglyk sebäplerine görä talyp daşary ýurda gitmekçi bolanda, zagran pasportyny gaýtaryp almak üçin, talyp bir topar päsgelçiliklerden we para bermelerden geçmeli bolýar” diýip, TDMI-niň ýene bir talyby anonimlik şertinde aýtdy.

Onuň tassyklamagyna görä, talyp özüne degişli dekanyň orunbasarlaryna 2 müň manat çemesi para berensoň, olar rektoryň orunbasaryna ýüz tutýarlar.

“Olar öz ýüzlenmelerinde talybyň daşary ýurtdan gaýdyp geljekligine güwä geçýärin’ diýlen äheňde ynandyryjy hat ýazyp berýärler. Şondan soňra biometriki pasportyňy alyp bolýar” diýip, talyp belledi.

Aşgabat şäherindäki TDLU-nyň talyplary “ýurtdan çykmaklyk gadaganlygynyň” emeldarlaryň çagalaryna we olaryň garyndaşlaryna tas degişli däldigini aýdýarlar.

“Olar ýokary okuw jaýyna zagran pasportlary tabşyrsa-da, migrasiýa gullugyna pasportynyň ýitenligi hakynda arza ýazyp, tiz wagtyň içinde täze zagran pasportlaryny alýarlar.Elbetde, munuň üçin olar uly möçberde para hem berýärler. Şeýdip, olar her ýyl dynç alyş möwsüminde daşary ýurtlara gezelenje gidýärler.

Biz ýaly adaty raýatlar bolsa, häkimiýetleriň eden-etdiligine boýun bolmaly bolýarys” diýip, TDLU-nyň talyby anonimlik şertinde aýtdy.

Söhbetdeşlerimiziň tassyklamagyna görä, talyplaryň köpüsi özara gürrüňdeşliklerde kanunda beýle talabyň ýokdugyny aýdyp, biometriki pasportlarynyň ýygnalyp alynmagyna nägilelik bildirýär.

“Ýöne hemmeler okuwdan çykarylmakdan gorkup, nägileligini aç-açan beýan edip bilmeýärler” diýip, talyp sözüne goşdy.

Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada TDLU-dan we TDMI-den, şeýle-de ýurduň Bilim ministrliginden teswir alyp bilmedi.

Türkmenistanda talyplaryň daşary ýurtlara syýahat etmegini gadagan edýän talap 15 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýär. Ozalky ýyllarda bu barada talyplardan diňe dil haty alnan bolsa, soňky birnäçe ýyl bäri bilim resmileri olaryň biometriki pasportlaryny hem ellerinden alýarlar.

Türkmenistanda talyplar dilden berilýän talaplaryň ençemesini berjaý etmäge mejbur bolýarlar. Bu talaplaryň hatarynda ýaşlara awtoulag dolandyrmak, diskoteka gitmek, çilim çekmek, toý-dabaralara, oturyşlyklara gatnaşmak gadagan edilýär.

28-nji awgustda habarçylarymyz talyplardan awtoulagynyň ýokdugy barada Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň ulaglary hasaba alyş bölüminden alnan kepilnamany ÝOJ-lara tabşyrmagyň talap edilýändigini habar berdiler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenabatda baýramçylyk ýörişi berk gözegçilik astynda geçdi
Russiýa syýahatçylyk wizasy bilen barýan türkmen raýatlarynyň Türkmenistandan çykmagy kynlaşdy
Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy wiza bermegini 50% köpeldendigini aýdýar
Türkmen mekdeplerinde 'baha düzediş' möwsümi başlandy
ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär
Diňle: ÝOJ-larda synag möwsümi golaýlaýar, paranyň mukdary kesgitlenýär