Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 9-njy oktýabrda döwlet telewideniýesiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy Şöhrat Goçyýew Annagulyýewiçi wezipesinden boşatdy.Türkmen döwlet habarlar gullugynyň (TDH) maglumatyna görä, Goçyýew bu wezipeden “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” boşadylypdyr, emma habarda bu diýilýän kemçilikleriň detallary anyklaşdyrylmaýar.
Türkmen prezidentiniň karary bilen, Begli Hezretgulyýewiç Beşerow Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesine bellenildi.Türkmenistanyň prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ýygy-ýygydan tankyt edýär we wagtal-wagtal, “işde goýberen kemçilikleri üçin” diýip, döwlet eýeçiligindäki telewideniýäniň we gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryny täzeläp durýar.
Emma türkmenistanly ýuristleriň käbiri prezidentiň bu hili ýokardan gatyşmalarynyň türkmen habar serişdeleriniň düzgünnamalarynda beýan edilýän kada-kanunlara gabat gelmeýändigini, prezidentiň habar serişdeleriniň ýolbaşçylaryny işe belläp, işden aýyrmakdan başga ygtyýarlyklarynyň hem ýeterlikdigini öňe sürýärler.
Eýse, ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, şol sanda teleradioýaýlymlaryň ýa-da gazet-žurnallaryň ýolbaşçylaryny prezidentiň hut özüniň wezipä bellemegi ýa-da wezipeden boşatmagy bilen bagly ýagdaýa dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem duş gelse bolýarmy?
Munuň ýurduň metbugat azatlygyna nähili täsirleri bolup biler? “Serhetsiz reportýorlar” guramasynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça bölüminiň başlygy Ýohan Bihr (Johann Bihr) döwlet baştutanynyň ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak tejribesiniň dünýäniň sanlyja ýurdunda amal edilýändigini, ýöne olaryň ählisiniň awtoritar dolandyryşdaky döwletlerdigini we bu ýurtlarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işiniň döwlet eýeçiliginde amal edilýändigini aýtdy. “Biziň dünýäde metbugat azatlygynyň ýagdaýy boýunça ýaýradan soňky ýyllyk hasabatymyzda 180 ýurduň arasynda 178-nji orunda ýerleşdirilen Türkmenistan ýaly ýurtda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak tejribesiniň döwlet baştutany tarapyndan amal edilmegi geň galdyryjy däl. Ýöne gel galmaly zat, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wezipä gelende, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine gönüden-göni ýolbaşçylyk ýa-da gözegçilik etmejekdigini wada beripdi. Ýöne häzirlikçe bu iş ýüzünde duýulmaýar.
Munuň tersine, gynansakda, soňky iki ýylyň dowamynda Türkmenistanda metbugata döwlet kontrollugynyň artandygyny görse bolýar” diýip, Bihr aýtdy.Ol demokratik jemgyýetde ilaty hususan-da, saýlawlar döwründe garaşsyz maglumatlar bilen üpjün etmekde möhüm rol oýnaýan garaşsyz köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bolmalydygyny aýdyp, şeýle diýýär: “Haçan döwlet baştutany köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny wezipä bellese, bu teleradioýaýlymyň garaşsyz bolmagyny kynlaşdyrýar.
Käbir ýurtlarda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň ilata berilýän maglumatyň mazmunyna goşulyşmagynyň öňüni alýan käbir içerki düzgünler bolup biler. Ýöne elbetde, Türkmenistan babatynda muny aýdyp bolmaýar.Türkmenistanda bu diňe häkimiýetleriň döwlet mediasyna gönüden-göni kontrollyk edýändiginiň we resmi propagandany ýaýratmagyň bir guralydygynyň ýene bir alamatydyr” diýip, Bihr belledi. 4-nji oktýabrda Aziýa Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşigi prezident Berdimuhamedowy “sebitde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ösdürilmegine goşan uly goşandy üçin” diýen Güwähat, baýrak hem-de ýadygärlik nyşany bilen sylaglady.
Resmi medianyň maglumatyna görä, türkmen prezidenti öz çykyşynda bu baýragyň gowşurylmagyny ýurtda media ulgamynda alnyp barylýandygy aýdylýan işleriň halkara derejede ykrar edilmegi hökmünde teswirledi. Ýöne adam hukuklaryna we media azatlygyna gözegçilik edýän halkara guramalarynyň ençemesi Türkmenistanyň indi onýyllyklaryň dowamynda dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolmagynda galýandygyny, ýurtda media we metbugat azatlygynyň ýagdaýynyň gözgynydygyny aýdyp gelýär.
Freedom House guramasynyň 2017-nji ýyl üçin Metbugat azatlygy boýunça çap eden hasabatynda Türkmenistan metbugat azatlygynyň derejesi boýunça dünýäde iň ýaramazlykda Demirgazyk Koreýa bilen deňleşdirilýär. 2-nji awgustda “Open society”, ýagny “Açyk jemgyýet” guramasy maglumat çap edip, Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary komitetiniň žurnalist Ogulsapar Muradowanyň tussaglykdaky ölüminden türkmen hökümetiniň jogapkärdigini anyklandygyny habar berdi.