Ýoga hiç zat ýok. Uly bolmadyk türkmen bergisi we berk nebit ruhy hakyndaky pýesa

Ýuriý Şkuriniň fotosy (turkmenistan.gov.tm)

Alekseý Winokurow

ИА Фергана

Kipriň “I.C.Intercomplect Ltd” kompaniýasy 2013-nji ýylda “Türkmennebit” döwlet konsernine dokuz million amerikan dollaryndan gowrak serişdä durýan enjamlary ibermek seresapsyzlygyny etdi. “Türkmennebitiň” alty ýüz müň dollardan gowrak möçberdäki ilkinji tölegi üstünlikli gelip gowuşdy.

Emma, konsern galan sekiz ýarym million dollardan gowrak serişdäni welin indi eýýäm dört ýyl bäri, wagtlaýyn maliýe kynçylyklaryna salgylanyp, tölemän gelýär. “Türkmennebit” bu bergisini Eýranyň tölemegini teklip etdi, sebäbi, onuň pikirine görä, Eýran “Türkmengaz” konsernine bergili bolup durýar.

Emma, Eýran özüniň haýsyda bir bergisiniň bardygyny ykrar etmeýändigini we “Türkmennebitiň” bergisini tölemejekdigini aýtdy. “Aý Si Interkomplekt” halkara arbitraž suduna şikaýat bilen ýüz tutmakçy bolýar we eýýäm, türkmen nebit konserniniň tölege ukypsyzdygy barada açyk beýanat edýär. “Fergana” habar agentligi bu täsin sýužetiň düýp özenini dramaturgiýa usulynda açyp görkezmäge synanyşdy.

Oýna gatnaşýarlar:

TÄÇBERDI BEGJANOW “Türkmennebit” konserniniň ozalky başlygy

DÖWLETDURDY HAJYÝEW “Türkmennebit” konserniniň täze başlygy

I.C. INTERCOMPLECT LTD, gysgaça AÝSI enjam üpjünçisi, owadan ýaş zenan

CIS DEBT RECOVERY SOLUTIONS, gysgaça SIAÝ halkara hukuk kompaniýasy, salyhatly erkek kişi, orta ýaşlarynda

TÜRKMEN HILELERINDEN YNJAN EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASY sahnada peýda bolmaýar.

Birinji sahna

“I.C. Intercomplect Ltd” kompaniýasynyň Ýewropadaky ofisi. Kürsüde, görnetin siňirli, Aýsi owadan ýaş zenan otyr. Gowy geýnen hukukçy, orta ýaşlaryndaky Siaý gapydan gelip girýär.

AÝSI. O-ow, ahyry gadyrdan Siaý! Ýene birazdan men aklymdan azaşaryn.

SIAÝ. Bu biznes üçin gorkunç däl. Biziň işimizde akyl däl, mekirlik gerek.

AÝSI. Onda men mekirlikden dälirärin. Bu “Türkmennebit” meni ahyry öldürmän goýmaz…

SIAÝ. Weý-weý, eýjejik Aýsi. Beýle tolgunmak gerek däl. Olarda, Türkmenistanda aýdyşlary ýaly, mundan ulurak toýdan hem kowlup gördük (Oturýar.). Hawa, siziň olardan şikaýatyňyz nämeden ybarat?

AÝSI. Biz olara dokuz million dollarlyk enjam iberdik, olar onuň bahasyny tölemek islemeýärler.

SIAÝ. Düýpdenmi?

AÝSI. Ýok, alty ýüz müňüni nähilem bolsa tölediler. Emma,şondan başga hiç zat tölemediler.

SIAÝ. Gör, nähili ýakymly jenaplar. Onsoň olar muny näme bilen düşündirýärler?

AÝSI. Şunuň bilen, görseňizläň, olarda pul ýokmuşyn.

SIAÝ. Gör-le muny? Olarda pul ýok? Emma, olarda Azýia oýunlaryny geçirmäge-hä pul bar? Golf-klub açmaga-da pullary ýetýär olaryň?

AÝSI. Menem şony aýtdym.

SIAÝ. Olar näme jogap berdiler ?

AÝSI. Olar ýönekeý halk agyr zähmet gününden soň biraz golf oýnamaga mümkinçilik almaly ahyryn diýip jogap berdiler.

SIAÝ. Bäh, gör bu nirlerden çykdy… Hany, ber şolary bärik. Men olara… bütindünýä Aziýadasyny gurnaýyn.

AÝSI gadymy gündogar çyrasyny çykaryp, onuň böwrüni aýasy bilen sypalamaga başlaýar.

SIAÝ (geň galyp). Munyň näme?

AÝSI. Bu türkmen kommunikatory. Biz olar bilen şunuň üstünden habarlaşýarys.

SIAÝ. A telefon arkaly, ýa-da, mysal üçin, skaýp arkaly habarlaşsaňyz bolmaýarmy? Juda bolmanda, elektron poçta arkaly habarlaşyp bilerdiňiz?

AÝSI. Synanyşdym jogap gaýtarmaýarlar. Aragatnaşyk ynamdar däl diýýärler.

SIAÝ. A bu çyra ynamdar aragatnaşykmy?

AÝSI (uludan demini alyp) Käte işleýär.

Çyrany gazaply sypalaýar.

SIAÝ. Onsoň şeýdip uzak sypalamalymy?

AÝSI. Jogap berýänçäler.

Ikinji sahna.

Begjanow we Hajyýew gündogar halatlaryny geýip, äwmezek we uly başlyklaryň möhüm ädimi bilen gezim edýärler.

BEGJANOW. Maňa gulak as, Döwlet aga. Men saňa ol hakynda bar zady gürrüň bereýin, hiç zady ýaşyrmaýaryn. Onuň gözleri ýyldyzlar ýaly, gaşlary egri ýaý ýaly, özi bolsa şeýle syratly, ýaşajyk jeren ýaly çeýe we çaga pişik ýaly ynanjaň. Ýüzi dolan aý ýaly, dodaklaryndan bolsa, ýaşajyk selbi ýaly bal akýar…

HAJYÝEW. Erik ýaly.

BEGJANOW. Näme diýdiň?

HAJYÝEW. Erik ýaly süýji diýýän men, dodaklary.

BEGJANOW. Diňle, sen hemişe sözi bölýäň?! Belki-de, sen hemme zady menden gowy bilýänsiň?

HAJYÝEW. Bolýar, agam, näme diýseň şol bolsun. Goý, kiparis bolsun.

BEGJANOW. Ýok! Indi hemmesini başdan başlamaly. (Barmaklaryny bükýär.) Gözleri ýyldyzlar ýaly, syratly, jeren ýaly, datly… aý, bolýar, goý kişmişli bulkajyk bolsun. Gepiň gysgasy, ol bir açylan bägül ýaly, men bolsam onuň ýanynda hakyky saýrak bilbil. (Joşgunly.) Adyny bir görsene onuň! Aý-si Interkomlekt Limited! Bu at däl,ajaýyp mukam!

HAJYÝEW. Maňa-da hoş ýakýar.

BEGJANOW. Ynha, hut şeýle gyz maňa hyzmat etdi. Dokuz million dollarlyk hyzmat. Men bolsam aklyňa sygýarmy, onuň hakyny töläp bilemok.

HAJYÝEW. Töläp bileňokmy ýa tölemek isläňok?

BEGJANOW. Haýsy bolanda tapawudy näme? Barybir pul almaz. Men oňa ýazýaryn: mende pul ýok! Sabyr et, çyda! Gyz erkek adama hemişe çydam etmeli! Ol bolsa, bilýäňmi, maňa näme diýýär? Ol maňa ynha, şeýle hüjüm edýär! (Kagyzlaryny tutdyrýar.)

HAJYÝEW (Okaýar). Bu näme? Kis? Ol saňa pişik bilen hüjüm etdimi?

BEGJANOW. Ýok, ol gysgaldylan.

HAJYÝEW. Gysgaldylan pişikler bu arslanlarmy ýa?

BEGJANOW. Seniň özüň gysgaldylan arslan. Bu şunuň ýaly hukuk firmasy. Siaýes Dept Rikaweri.

HAJYÝEW. O näme isleýär?

BEGJANOW. Ol bizden pul sagmak isleýär.

HAJYÝEW. Bizden, elbetde, bir zatlar sagyp bolar. Emma, bu pul bolmazmyka diýýän.

BEGJANOW. Olary barybir synanyşýarlar. Ynha, bölekleýin ýedi ýüz müňden tölemegi teklip edýärler.

HAJYÝEW. Bölekleýin tölediň ýa şeýle munuň tapawudy näme? Puly barybir bermeli.

BEGJANOW. Azajykdan berseň agyrysy az bolýar.

HAJYÝEW. Şeýlemi? Göz öňüne getir, seniň aýagyňy kesýärler. Haýsysy gowy, birdenmi ýa bölek-bölekden?

BEGJANOW. (elini salgaýar). Bilýärin, çykalga däl.

HAJYÝEW (pikire çümüp). Kelläňi hem bölekläp kesmek mümkin, ýogşam bir usul tapdyň.

BEGJANOW (nägile). Boldy, besdir, bes et indi, çeniňi bil… Mende başga bir teklip bar, synalary bölmesiz.

HAJYÝEW. Aýt.

BEGJANOW. Biziň bu Limitede pul bergimiz bar, Eýranyň bolsa, “Türkmengaza” pul bergisi bar. Gel, olary bir-birine çataly, hä? Goý, Eýran “Türkmengaza” bergisini bermesin-de, Limitede bersin.

HAJYÝEW. Eýran ol bergisini ykrar etmeýär ahyryn.

BEGJANOW. Ony aýtmanyňda-da bilýärin.

HAJYÝEW. Onda ol nämeüçin tölesin?

BEGJANOW. A sen pikir et.Gör, nähili gowy ideýa. Eýran Limitediň puluny töleýär, biz bolsa enjamlarymyzy alýarys-da, hiç zat tölemänjik gidýäris.Ajaýyp, şeýle dälmi?

HAJYÝEW. Bu hususan-da Eýrana hoş ýaksa gerek. Sebäbi, ol seniň üçin öz daban azaby bilen gazanan puluny haýsydyr bir Limitede bermeli.

BEGJANOW. Biderek ýylgyrýarsyň. Men oňa eýýäm teklip etdim.

HAJYÝEW. Ýeri, ol näme jogap berdi?

BEGJANOW. Aýallar barka bu hili gürrüň etmeli däl.

HAJYÝEW. Aýallar ýokka nähili?

BEGJANOW. Aýallar ýokka mümkin, emma manysy ýok.

Birden titremäge başlaýar.

HAJYÝEW. Saňa näme boldy, jenap? Näme titreýärsiň?

BEGJANOW. Çagyrýar.

HAJYÝEW. Kim çagyrýar?

BEGJANOW. Limited çagyrýar. Eh… Gideýin, gyzyň kellesini garyşdyraýyn. Wagtlaýyn kynçylyklara duwlanyp, puluň ýokdugyny düşündirmeli. Biziň erkeklik kysmatymyz agyr, çeker-çydar ýaly däl.

HAJYÝEW. Dur, garaş… Seniň ýeriňe men gideýin.

BEGJANOW. Näme üçin sen?

HAJYÝEW. Sebäbi, konserniň başlygy indi men. Ine, prezidentiň kararyny oka.

Begjanow karary okaýar, Hajyýew ýitirim bolýar.

Siaý we Aýsi. Aýsi köne çyrany sypalaýar.

AÝSI. Sen ynanmarsyň, meniň indi bu çyrany sypalamakdan ýaňa ellerimiň aýalary mozolly boldy.

SIAÝ. Sen beýdip sypalap oturyşyňa deşigi-de sürtersiň.

AÝSI. (gazaba münüp). Bol, çyk basym, näletsiňen şeýtan!

Çyradan tüsse çykýar. Onuň üstünden jyn ýaly bolup, Hajyýew sallanýar.

HAJYÝEW. Salam bolsun saňa, kalbymyň gül-gülälegi, deňsiz-taýsyz Aýsi Interkomlekt Limited! Wah, görer gözleriňe döneýin seniň, garaňky gijäniň elektrik çyrasy ýaly nurana! Gül ýüzüň mähir-muhabbetine döneýin seniň, million dollarlyk çekden owadan…

AÝSI. Bes ediň! Siziň gül-biliňiziden bizar boldum men! Siziň gündogar komplimentleriňiz maňa juda gymmat düşýär!

HAJYÝEW. Gymmat? Kompliment üçin sekiz ýarym million dollar, seniňçe, bu gymmatmy?

SIAÝ. (ýuwaşja). Hawa, eger maňa kompliment üçin bolmanda ýüz dollardan töleselerdi, men bireýääm işimi taşlardym.

AÝSI (Hajyýewe). Hormatly Täçberdi aga…

HAJYÝEW (gaharly). O nämäň Täçberdisi? Kim saňa Täçberdimiş bärde? Täçberdi bireýýäm işden gyrakladyldy!

AÝSI. Bolup bilmez! Jenap Begjanow işden çykdymy?

HAJYÝEW. Onuň ýerine meni bellediler. Seret, nähili görmegeý! Ýaraýarynmy?

AÝSI. Size kim diýip ýüzlenmeli?

HAJYÝEW. Bolmalysy ýaly ýüzleniň: “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Mälikguluýewiç Berdimuhamedowyň hut özi tarapyndan bellenilen başlygy, hormatly we söýgüli jenap Hajyýew!

AÝSI. Duruň, men muny ýazyp alaýyn…

HAJYÝEW. Hiz zat ýazmak gerek däl. beýle owadan aýal aslynda bisowat bolmaly. Meniň adymy diňe ýönekeýje kalbymyň bilbili Döwletdurdy Täçdurdyýewiç Hajyýew diýip tut.

AÝSI. Döwletdurdy aga diýsem bolmazmy?

HAJYÝEW. Bolmaz. Hormatsyzlyk bolar. Öýkelärin.

SIAÝ. (garşy çykýar). Ýogsa-da, bu size geň görünmeýärmi? Biziň pulumyzy bermeýärler, öýkeleýän bolsa siz?

Hajyýew ony halamazlyk bilen gözden geçirýär.

HAJYÝEW. (Siaýe). A sen kim bolarsyň? Nirede işleýärisň, näme bilen meşgullanýarsyň? Nirede doguldyň?

AÝSI (Hajyýewe). Tanyşdyrmaga rugsat ediň: bu biziň hukukçymyz, jenap Siaý-es Dept Rikaweri Solýuşns.

HAJYÝEW (Siaýe). Sen haýsam bolsa bir goşgujyk-beýleki bilýärsiňmi?

SIAÝ. Bilýärin… (sakynýar.) Nähili goşgy, bu ýere goşgujyk nireden geldi?

HAJYÝEW. Bizde däp dessur şeýle. Uly wezipeli adam görseň, oňa goşgy okap bermeli. Gadymy türkmen däbi.

SIAÝ. Gulak asyň, jenap Hajyýew…

HAJYÝEW. (düzedýär). Jenap Hajyýew däl, meniň kalbymyň bilbili Döwletdurdy Täçberdiýewiç Hajyýew.

SIAÝ. (ýaňsylap). Siz meniň kalbymyň bilbilidigiňize hakykatdanam ynanýarsyňyzmy?

HAJYÝEW. Hawa, siziň kalbyňyzyň hem. Men beýle wezipede bolan ähli kalplaryň bilbili.

SIAÝ. Ýeri, bolýar. Hormatly bilbil, men size aýtmaga ygtyýarly…

HAJYÝEW. Garaş… Men size habar bermäge ygtyýarly. (Aýsä öwrülýär.) Ah, deňsiz-taýsyz bägül Aýsi Interkomplekt Limited! Saňa habar berýärin, biziň baglaşan şertnamamyza laýyklykda, gelip gowşan ýük üçin doly tölenmeli bergi bar.

AÝSI. (gaharly). Muny siz maňa habar berýärsiňizmi? Muny men habar berýärin! Indi dört ýyl bäri habar berýärin üstesine, hiç bir netije-de görmeýärin!

HAJYÝEW (ýaraşyjy äheňde). Diňle, Limited daýza, gündogar inçe iş. Kim kime habar berýär, hiç wagt bellisi bolmaz.

AÝSI. Men sizden soňky gezek soraýaryn pul bolarmy ýa bolmaz?!

HAJYÝEW. Bolar…

AÝSI. Ahyryn-da!

HAJYÝEW. Diňe birazajyk garaşmak gerek.

AÝSI (däliräre gelip). Biz eýýäm dört ýyl bäri garaşýarys!

HAJYÝEW. Eý, Limited, sen entek ýaş gyz ahyryn, saňa ýene birazajyk garaşanyň bilen näme bolýar? Göz öňüne getir, pensiýa sekiz ýarym million dollar sowgat alsaň, gör, nähili ýakymly bolar?

AÝSI (gaharly). Men siz bilen pensiýa çenli ýaşap bilerin öýdemok!

HAJYÝEW. Tapawudy näme? Pensiýa çenli ýaşasaň özüň üçin ýakymly bolar, ýaşamasaňam biz üçin ýakymly.

SIAÝ. Gulak asyň, hormatly bilbil aga! Men size habar bermäge ygtyýarly edilen,biz haýal etmän türkmen döwlet konsernleriniň mümkin bolan hyzmatdaşlary bilen habarlaşyp, olara siz bilen hyzmatdaşlyk etmegiň töwekgelliklerini duýdurarys.

HAJYÝEW. Sen nähili gülkünç, Siýaes Dept Rikaweri Solýuşns! Sen biziň bilen hyzmatdaşlyk edýänlere nämedir bir zat duýdurmak henizem mümkin diýip pikir edýärsiňizmi?

SIAÝ. Onda meniň ýuristlerim halkara arbitraž suduna şikýat bilen ýüz tutmaga taýýarlanmaga başlarlar.

HAJYÝEW. Goý taýýarlansynlar. Seniň arbitražyň nirede, men nirede? Men seniň ol arbitažyňy, biýäňmi, näme ederin? Men ony öz öýüme, näz-nygmatly saçak başyna çagyraryn we adam ýaly gürleşerin. Şol gürrüňdeşlikden soň seniň özüň maňa bergili bolup çykaýsaň nädersiň.

SIAÝ. Beýle bolan ýagdaýynda, hormatly bilbil…Beýle bolan ýagdaýynda biz sizi töleg etmäge ukypsyz diýip yglan ederis!

HAJYÝEW. Tölege ukypsyz ?

AÝSI. Hawa, hut şeýle!

HAJYÝEW (ýylgyrýar). Ow, meniň gözlerimiň nury Aýsi Interkomplekt Limited! Rehim et, maňa ýönekeýje bir zady düşündir. Eger men, sizçe, töleg etmäge ukypsyz bolsam, onda haýsy pul barada gürrüň bolup biler?! Ýoga, hiç zat ýok!

Ýene degişli makalalar

16.10.2017 | Daga çykmagyň sport görnüşi boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi
Tatarystanly aktiwist Russiýadaky syýasy basyşdan gaçyp Türkiyä geldi
Daga çykmagyň sport görnüşi boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
11-nji noýabrda Ýaşlar atly gysga göwrümli çeper filmiň ilkinji görkezilişi bolar
Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň maslahatyna gatnaşar