Türkmengaz Döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň işgärleri Nebitgaz pudagyny ösdürmegiň ylmy esaslary ady bilen makalalar ýygyndysyny taýýarladylar. Ýyllyk neşiriň täze sanynda pudaklaýyn YBI-nyň işgärleriniň, Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň professor-mugallymlary düzüminiň, şeýle konserniň hünärmenleriniň işleri çap edilipdir.
Alty topara bölünen makalalar geologiýa, geofizika we gidrogeologiýa, nebit we gaz guýylaryny burawlamak, gazly hem-de gazkondensatly känleri özleşdirmek we ulanmak, gaz çykaryjy enjamlary ulanmak ulgamlarynda ýetilen üstünlikler we bu ugurda alnyp barylýan ...