Ýörite TmCars.info-nyň okyjylary üçin: Özüňe erk etmegiň gudraty (1-nji bölüm)

Ýörite TmCars.info-nyň okyjylary üçin: Özüňe erk etmegiň gudraty (1-nji bölüm)

Beýik ýeňişleri, ajaýyp üstünlikleri bilen dünýäni aňk eden Isgender patyşa heniz ýaş oglan mahaly, kakasynyň hem ýurduň hökümdary wagty, olara Parfiýadan bir ajaýyp bedew aty sowgat getiripdirler.Gelşikli, sarç bedew şeýle bir özüne çekiji ekeni, emma hiç bir seýis, çapyksuwar bu bedewe münüp bilmändir. Ýaňybir eýerine oturdym diýeninden, bedew at çarpaýa galyp, ol adama ýer bagyrtladar ekeni.

Bu ýagdaýy synlap duran bir parasatly akyldar: "Şu bedewe erk eden adam, dünýä erk eder" ýa-da "Şu bedewe diýenini etdirip bilen adam dünýä diýenini etdirip biler" diýipdir.Ahyry bu bedewiň dilini tapmak diňe ýaş Isgendere başardýar.

Soňlugy bilen ol dünýä hökümini ýöredip bilen hökümdara öwrülýär.Eýsem, şeýle bedew häzirem barmy?Elbetde, bar.Oňa Erk bedewi diýilýär. "Erkiňi jylawlap bilseň" ýa-da " Özüňe erk edip bilseň" tutuş dünýä, iň bolmanda öz dünýäňe doly erk edip biljekdigimiz juda köp nygtalýandyr.

Ine, TmCars.Info-nyň öz okyjylaryna hödürleýän täze bir kitaby özüňe erk etmek arkaly öz dünýäňi hem-de özgeleriň dünýäsini has ajaýyplyga tarap nädip üýtgedip bolýandygyny birme-bir öwredýär.

Siz durmuşyňyzda nämedir bir zady ýa-da tutuş durmuşyňyzy has gowulyga tarap üýtgedesiňiz gelýärmi?Onda, ine Toni Robbinsiň "Çäksiz güýç ýa-da özüňe erk etmegiň gudraty" atly dünýä belli bestseller eseriniň türkmen dilindäki ilkinji terjimesini okamagy maslahat berýäris.

Bu kitap dünýäde millionlarça ynsanyň durmuşyny mese-mälim gowulyga tarap ymykly üýtgetmegi başardy.Bu kitap adam mümkinçilikleri baradaky ylmy eserleriň arasynda iň agramlylarynyň biri hasaplanylýar.Kitapda öňe sürülýän täzeçe pikirler arzuw edýän durmuşlarynda ýaşamak isleýänler üçin juda ähmiýetli hem-de tapylgysyz gollanmadyr.

TmCars.Info mundan öňem Adam Jeksonyň "Baýlygyň on syry" atly eserini dolulygyna öz okyjylaryna ýetiripdi.Bu eser hem okyjylaryň arasynda gyzgyn goldaw tapyp, köpsanly seslenmelere sebäp bolupdy.Dünýä belli naýbaşy eserleri tanyşdyrmagy dowam etmek maksady bilen bu gün okyjylarymyza Toni Robbinsiň "Çäksiz güýç ýa-da özüňe erk etmegiň gudraty" atly uly göwrümli eserinden parçalary hödürleýäris. Özüňize - öz mümkinçilikleriňize, ukyp-başarnyklaryňyza, pikir-duýgularyňyza, arzuw-hyýallaryňyza doly erk ediň hemem öz arzuw edýän durmuşyňyzy ýaşaň! Özüne erk eden ynsan özüniň sarç ykbalyna diýenini etdirip biler.

Bu eser türkmen diline ilkinji gezek terjime edilýär we ilki bilenem TMCARS.INFO saýtymyzyň okyjylaryna ýetirilýär.Okamak we peýdalanmak, eseriň täsirini durmuşymyzda görmek, maksatlarymyzy hasyl etmek hemmämize miýesser etsin!

Dünýä belli bu kitap hyýaly endige baş goşmagy däl-de, özüňe erk etmegi, gorkynyň peýda bolmak howpunyň bardygyna garamazdan, üstünlik gazanmak üçin gerek şerti, ýoly tapmaga özüňi mejbur etmegi hem ony hakyky çözgüt üçin peýdalanmagyň hakyky erkdigini öwredýär.

Bu eserde her bir okyjy awtoryň dünýäsiniň çuňlugyny, giňligini, baýlygyny görüp biler.Biziň pikirimizçe, bu kitabyň adam mümkinçilikleri baradaky ylmy eserleriň arasynda iň agramlylarynyň biri bolmagyna doly esas bar.

Bu kitapdaky ylmyň öň hataryna çykan täze pikirler kämillige ýetmek isleýänler üçin özboluşly hem tapylgysyz gollanmadyr.

Toni ROBBINS ÇÄKSIZ GÜÝÇ ýa-da özüňe erk etmegiň gudraty

I bölüm Adam kämilligini modelirlemek

1. ŞALAR MYNASYBETI

Durmuşyň aňrybaş maksady — bilmek däl-de, hereket etmekdir. Tomas Genri Geksli

Biziň her haýsymyzyň durmuşa öz garaýşymyz, ondan özümize özümizçe garaşýan zadymyz bar.Ondan hem başga siziň tanaýanyňyzyň tanalmaly, ynanýanyňyzyň ynanmaly adam däldigi, barýan ugruňyzyň gitmeli tarap däldigini, bilýäniňiziň bilmeli zat hem hakyky durmuş ölçegi däldigini men aýnada gören ýaly aýdyň bilýärin.

Meniň pikirimçe, üstünlik — haýsydyr bir uly zada ýetmekligi elmydama arzuw etmekdir. Üstünlik — ruhy, emosional, sosial, psihologik, intellektual, maddy ösüşiň mümkinçiligidir. Öz üstünligi bilen adam umumadamzat bähbidine goşant goşýar. Üstünlige eltýän ýoldaky hereket birjik-de togtadylman, mydama dowam etdirilýär. Üstünlik diýilýän zat pellehana ýetmek däl-de, hemişe öňe ümzük atmakdyr.

Meniň aýdýanlarymyň manysyna düşünmek kyn däl.Siziň bu kitapdan öwrenip, özüňiz üçin peýdalanyp biljek ýörelgeleriňizi ulanyp, men diňe özüme bolan gatnaşygymy üýtgetmek bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda gazanan üstünliklerimiň netijesini esasly hem çürt-kesik gowulandyrmagy başardym. Üstesine-de, ony aňsatlyk bilen amala aşyrdym.

Bu kitabyň maksady durmuş ýagdaýyny düýpli özgertmekde maňa ýardam eden garaýyşlarymy siz bilen paýlaşmakdan ybarat.Siz meniň ulanan tärlerimi, ýollarymy, strategiýamy, filosofiki garaýyşlarymy kabul edersiňiz diýip ynanýaryn.Biziň durmuşymyzda bolmaly täsin hem ajaýyp özgerişleriň gudratly güýji daş çykyp bilmän, kalbymyzda gum basyp ýatyr.

Häzir ol gudratyň daş çykmagyna wagt ýetdi.Arzuwlarymy durmuşa geçirmek üçin gönükdiren okgunly hereketlerimi ýatlanymda, özümiň tolgunmalaryma häzir hem çakdanaşa minnetdar bolmak duýgusyny başdan geçirýärin.Oňa garamazdan, beýle meselä baş goşýan meniň täk özüm däldirin.

Sebäbi biz häzir özümiziň ozal başarmajak işimizi, hut ertiriň özünde amala aşyrmagy başarýan adamlaryň sanynyň kän mahalynda ýaşaýarys.Mysal üçin, Stiw Jobsy alyp görüň.Ol kisesi kör-köpüksiz, gök jinsi balak geýip ýören oglanjykdy.

Ol öý kompýuterini döretmek arzuwyna ulaşyp, Forçun—500 atly firmany döredýär.Ted Terner kabel telewideniýesi ýaňy dörän dessine, ähli zehinini şoňa gönükdirip, tutuş imperiýany döredýär.Stiwen Spilberg, Brýus Springstin ýaly tomaşa çäreleriniň industriýasynda özlerine dereje gazanan adamlar hem az däl, ýa-da Li Ýakokka, Ross Pero ýaly telekeçileri ýatlaň.

Olarda ajaýyp üstünlik gazanmakdan gaýry näme meňzeşlik bar.Jogap hökmünde ERK diýen sözi ulanyp bolar.Erk duýgyňa juda agram salýan söz.Adamlar oňa dürlüçe baha berýärler.

Käbirleri üçin ol söz ýaramaz many berýär, käbirleri bolsa ondan hökmürowanlyk diýen düşünje gözleýärler.Başga birleri bolsa erkliligi sebäpli özlerini zelel çekýän hasaplap, ony ýaramaz, ýokanç kesel ýaly bir zat diýip kabul edýärler. Ösüş ýoluna düşmek üçin size näçeräk möçberde erk gerek bolar öýdýärsiňiz?

Erk sözi siz üçin nähili many berýär?Men erki adamlary dyza çökermek üçin ulanylýan çäre hasaplamaýaryn.Men ony mejbur ediş närsesidir hem öýtmeýärin.Sizi ony ulanmaga iterip hem durmaýaryn.

Beýle çäräniň uzaga çekýän wagty-da seýrek bolýar. Ýöne siz erkiň biziň dünýämizdäki mizemez gymmatlykdygyna düşünmelisiňiz.Sebäbi siz özüňizi gurşap alýan dünýäňizde öz duýgyňyzy özüňiz döredýärsiňiz, ýogsa-da ony size derek kimdir biri amala aşyrýar.

Iň bolmanda, özüňiz öz isleýşiňiz ýaly hereket edýärsiňiz ýa-da kimdir biri size etmeli hereketiňiziň nähili bolmalydygyny salgy berýär.Meniň üçin bolsa hakyky erk — islendik netijäni gazanmak usuly hem şol ýagdaýdan başgalar üçin hem gymmatlyk döretmekdir, erk islendik netijäni gazanmak ukyby hem şol işiň esasynda başgalara-da gerekli gymmatlyklary döretmeklikdir.

Erk öňi bilen öz hususy durmuşyňy özgertmäge, öz kabul ediş duýgy ulgamyňy döretmek, ýagdaýy öz garşyňa däl-de, bähbidiňe işlemäge mejbur etmekdir.Hakyky erki paýlaşmak bolar, ýöne kimdir biriniň boýnuna dakyp bolmaz.

Ol ukyp adam isleglerini anyklap, edil öz islegiňi kanagatlandyryşy ýaly, seniň aladasyny edýänleriň islegini hem kanagatlandyrar.Erk seniň hususy patyşalylygyň saňa bähbitli işlemegini, hususy oýlanmalaryň, özüňi alyp barmagyň dogry ýollaryny tapmaga ýardam edýän serişdedir.

(dowamy bar).

Ýene degişli makalalar

Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (6-njy bölüm)
Paýhaslar düwünçegi
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (5-nji bölüm)
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (4-nji bölüm)
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (3-nji bölüm)
Toni ROBBINS, Özüňe erk etmegiň gudraty (2-nji bölüm)