Ýönekeý HK: Hytaýda okamak üçin ýüz tutmaga howlugyň

Ýönekeý HK: Hytaýda okamak üçin ýüz tutmaga howlugyň

Hytaýda okamagy arzuw edýärsiňizmi? Howlugyň! Ýönekeý HK Hytaýyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerine girmek üçin ýüztutmalaryň kabul edişliginiň 25-nji awgustda tamamlanýandygyny ýatladýar. Dünýäniň iň depginli ösýän ýurtlarynyň birinde abraýly bilim almak mümkinçiligini elden gidirmäň.

Ýönekeý Hytaýyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin ajaýyp mümkinçilik hödürleýär. Kompaniýa bakalawriatdan başlap, doktorantura çenli okuw maksatnamalarynyň dürli görnüşlerini hödürleýär, şeýle hem girişiň ähli basgançaklarynda hemmetaraplaýyn goldaw berýär.

Ýönekeý HK-nyň üsti bilen Hytaýda okamagyň aýratynlyklary şulary öz içine alýar:

Elýeterli bahadan ýokary hilli bilim

Girişde hytaý dilini bilmegiň talap edilmezligi

Ýokary okuw mekdebini saýlamakda, resminamalary resmileşdirmekde kömek hem-de wiza goldawy

Amatly jaý tapmaga kömek

Talyplaryň her aýda VISA kartlaryny doldurmak arkaly Türkmenistandaky maşgalalaryndan maliýe goldawyny alyp bilýändigini bellemek gerek.

Ýerleriň çäkli mukdaryny we golaýlap gelýän ahyrky möhleti göz öňünde tutup, Ýönekeý HK gyzyklanma bildirýän dalaşgärlere jikme-jik maglumat almak üçin gijä galmazlygy maslahat berýär. Ähli jikme-jik maglumatlar okamak.yonekey.com saýtynda elýeterlidir.

Hytaýyň abraýly talyplar jemgyýetiniň bir bölegi bolmak mümkinçiligini elden gidirmäň. Ýönekeý HK ýokary hilli halkara bilime barýan ýolda ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr.

Ýene degişli makalalar

Ak serwiniñ saýasy HK Türkmenistanda işewürlik üçin hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär
Ýönekeý HK: Hytaýda abraýly bilime gapylary açyň
Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Baýramaly agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde giriş synaglary gyzgalaňly dowam edýär
Rowachlan Galkynysh: Rowachpack polipropilen gaplaryna daşary ýurtly hyzmatdaşlardan isleg artýar
Rowachlan Galkynysh hususy kärhanasy önümçiligini artdyrýar