ÝÖDB “Dowzah derwezesini” ýapmak üçin Türkmenistana kömek eder

ÝÖDB “Dowzah derwezesini” ýapmak üçin Türkmenistana kömek eder

Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş banky (ÝÖDB) Garagum çölündäki Derweze obasynda ýerleşýän gaz ojagyny ýapmak üçin barlag taslamalary üçin hyzmat berer.Bu barasynda ÝDÖB-niň prezidenti Odel Reno Bassonyň wagtlaýyn prezident Berdimuhamedowa ýollan hatynda aýdylýar diýip 7-nji martda TDH döwlet täzelikler gullugy habar berdi.

Bankyň prezidenti “Türkmenistanyň parnik gazlarynyň howa taşlanyşyny azaltmak üçin edýän tagallalary we ygrarlylygy üçin”minnetdarlyk bildirdi we ÝDÖB “Türkmenistanyň hökümetiniň Derwezedäki gaz ojagynyň ýanmak meselesine uly üns berýändigini uly gyzyklanma bilen yzarlaýar” diýýär.

Bellenmegine görä, ÝÖDB Derwezedäki ojakda CO2 we zäherli metan gazlarynyň howa taşlanyşyny azaltmaga maksadalaýyk ugurlary kesgitlemekde Türkmenistanyň hökümetine kömek etmek üçin donorlyk serişdelerini gurnamagy mobizlemek mümkinçiligini öwrener we tehniki-ykdysady esaslary taýýarlar.

7-nji ýanwardaky hökümet mejlisinde Berdimuhamedow köp ýyllardan bäri ummasyz gazyň ýanyp, daş-gurşawa we ol ýerde ýaşaýanlara zyýanly täsir edýändigi üçin Derwezedäki “Dowzah derwezesini” öçürmegi buýrupdy.The post ÝÖDB “Dowzah derwezesini” ýapmak üçin Türkmenistana kömek eder first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky Derwezedäki gaz kraterini öçürmäge gyzyklanma bildirýär
Türkmenistanda Jähennem gapysy diýip atlandyrylýan Derweze gaz krateri ýapylar
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Global Gateway forumyna gatnaşýar
3-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Netžes: "Günbatar PKK-nyň garaňky tarapyny görmeýär" diýdi
Massanyň ýerine Sirotkin