
Müsür, düýn irden başlan ynsanperwer arakesmäniň birinji gününde Gaza Sektoryna ynsanperwer kömegi ýüklenen 200 konteýneriň girendigini habar berdi.
Müsüriň Kommunikasiýalar edarasynyň internet saýtynda berlen ýazmaça beýannama görä, edaranyň başlygy Ziýa Raşwan, Gaza ugradylan ynsanperwer komek konteýneleri bilen ýurduna getirlen ýaralananlar hakynda maglumat berdi.
Müsüriň, Gaza ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegi üçin tagalla etmäge dowam edýändigini aýdan Raşwan, ynsanperwer arakesmäniň birinji gününde 200 konteýnerlik ynsanperwer kömegi bilen birlikde 2 tiz kömek ulagynyň, İordaniýanyň göçme hassahanasyna degişli 15 konteýner bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň göçme hassahanasyna degişli 11 konteýneriň Gaza girendigini belledi.
Raşawan, 17 ýaralynyň Gazadan Müsüre getirlendigini, olardan 12-niň bejergi maksady bilen hossarlary bilen birlikde Türkiýä we Birleşen Arap Emirliklerine ugradylandygyny nygtady.
Müsürli ýolbaşçy, 7-nji oktýabrda başlan Ysraýylyň hüjümleri sebäpli müsürde galan 134 palestinalynyň hem meýletin ýagdaýda Gaza Sektoryna dolanandygyny ýatlatdy.
Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda çaknyşyklara 4 günlük ynsanperwer arakesme berilmegi meselesinde gazanylan ylalaşyk 24-nji noýabrda anna güni ýerli wagt bilen 07.00-da güýje girdi.