Türkmenistanda her ýylyň 10-njy oktýabrynda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Ynsan saglygy gymmatly baýlyk atly sergi gurnaldy.
Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşleriniň hem-de meşhur helkeltaraşlarynyň ajaýyp sungat eserleri ýerleşdirilen. Ýagny, Türkmenistanyň halk suratkeşi Ýakup Annanurowyň Sagalýan, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Nyýazmyrat Dowudowyň Professor lukman Aýsoltan Mämmetkulýewanyň portreti, Şepagat uýasy, Oba keselhanasynda, Lukman Gylyç Şahalyýewyň portreti atly nakgaş eserleri, Mihail Nowykowyň Startyň öň ýanynda, B.Esengeldiýewiň Lukman gyzyň portreti, A.Abramowyň Ýaş lukmanlar atly heýkel eserleri özboluşly sungata öwürlen sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýär.
Mundan başga-da, uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken ilkinji lukman Saçly Dursunowanyň portreti sergide görkezilýän nakgaş eserleriniň arasynda aýratyn orun eýeleýär.
Serginiň açylyş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda, parahat asmanyň astynda halkymyzyň bagtly ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler! Şeýle-de çykyş edenler sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdunda Türkmenistan döwletimizde adam saglygyny üpjün etmäge uly goşant goşýan saglygy goraýyş we derman senagaty işgärlerini hünär baýramlary bilen tüýs ýürekden gutladylar!