Ynsan kalbyna barýan ýollar

Artistlere başagaý wagty sorag berseň, olar öz içindäki pikirini dogry aýdýar.Bolmasa olar elmydama özgäň durmuşynda gezip, içini gepledip ýörendirler.Käbirleri dagy birdenkä salam diýäýseň, ilki durup, gözüň içine seredip, ondan soň salam diýýärler.

Merdanam şo zeýilli artistlere degişli.Men ýazyp oturan makalamy soňlamak üçin onuň ýanyna baryp, salam diýenimde, grim otagynda gözlerini bir nokada dikip oturan artist ýigit birnäçe sekuntdan soň: Wiý, salam, gel, gel, şu wagt täze sahnalaşdyrylýan spektakldaky keşbim bilen ähli zady unudypdyryn diýip özüne geldi.

Kalbyňda besleýän arzuwyňa ýetmegi öňüňde maksat edinseň, ýetilmejek menzil ýokmuka diýýän.Ajaýyp çagalyk döwrüňde şeýle sorag berilýär: Sen ulalaňda kim boljak?Adatça, çagalar Mugallym, lukman boljak ýa-da maşyn, otly, uçar sürjek diýýärler.

Obada önüp-ösendigine garamazdan, Merdan gönüden-göni Men artist boljak diýýär.Biziň gürrüňini etjek söhbetdeşimiz Baýramaly etrabynyň Şapak geňeşliginde doglan, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Merdan Çaryýew.

Merdan ýaşlykdan teleýaýlymda goýberilýän Aşyr aganyň hötjetligi, Gorkak batyr, Döwranyň başdan geçirenleri, Aýgytly ädim, Jadyly hünji hakynda rowaýat, Magtymguly , Mukamyň syry, hatda sözsüz düşürilen köne Umbar ýaly türkmen kinofilmlerini ürç edip görýär.

Ekranda kino, teatr sungatynyň düýbüni tutujylar Alty Garlyýew, Muhammet Çerkezow, Bazar Amanow, Aman Gulmämmedow, Baba Annanow, Artyk Jallyýew, Hommat Müllük, Ata Durdyýew ýaly ussat artistleri görüp, şolar ýaly artist bolmagy arzuw edýär.

Biz kiçikäk bir sapar oba klubyna artistler çykyş etmäge geldiler. Şonda Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Hümmedow Söýmedige süýkenme spektaklynda Godalagyň keşbini janlandyrdy. Şeýle-de, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Orazjemal Hojyýewa, Nurbibi Nazarowa dagynyň sahnada janlandyran keşpleri mende uly täsir galdyrdy we artist bolmaga höwesimi beýnimde beketdi. Şondan soň men mekdepde synplaryň arasynda geçirilýän ýaryşlarda, baýramçylyklarda, Gurbannazar Atakgaýewe, Juma Ýazmyradowa öýkünip, gysgajyk sahnalara goşulyp, çykyş edip başladym.

Dogrusy, köpüň öňüne çykmak, onda-da deň-duş mekdep okuwçylarynyň, mugallymlaryň öňünde sahna oýnamak birbada aňsat düşmändi.Oturanlaryň gözlerine gözüm kaklyşdygy, aýtjak sözüm ýatdan çykyp, birbada tolgunyp, aljyran ýerlerim köp bolupdy. Şeýle-de bolsa meniň Hökman artist bolmaly diýip öňümde goýan ýüregimdäki maksada okgunlylygym güýç beripdi diýip, Merdan gürrüň berýär.

Merdanyň maksat edinen çagalyk arzuwy bu gün hasyl boldy. 1997-nji ýylda oňa paýtagtymyzda ýerleşýän Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby bolmak nesip etdi.Merdan talyplyk döwri göz öňüne gelýän ýaly birsellem ýatlama baglandy-da, sözüni dowam etdi: Men Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby boldum.

Türkmenistanyň halk artisti Aman Gurbandurdyýew, Nurmuhammet Keşikow sahna ussatlygyndan, Aman Mämmedow sahna dilinden sapak berdiler.Okan döwrümde 1-nji ýylda diňe etýud, 2-nji ýylda A.P. Çehowyň Söz aýdyş eseri esasynda sahnalaşdyrylan sahna böleginde söz aýtmaga gelen Iwan Wasilýewiçiň keşbini ýerine ýetirdim.

Bu eser komediýa žanryndady. 3-nji ýylda Aman Gurbandurdyýewiň Görogly dessanynyň Gyratyň ogurlanyşy şahasy esasynda goýan spektaklynda alypbaryjynyň we Göroglynyň ýigitleriniň biriniň keşbini ýerine ýetirdim. 4-nji ýylda Abdyreşit Taşowyň Jahan sahysy eseri esasynda sahnalaşdyrylan spektaklynda Elprun şanyň keşbini janlandyrdym.

Bu biziň diplom işimiz bolany üçin, tomaşa etmäge dogan-garyndaşlarymyzy hem çagyrypdylar.Oňa ejem bilen doganym Ýagşy geldi.Spektakl başlady.Men hem sahnada grimli, penjekli. Şonda oýun görmäge gelip, zalda oturan ejem meni tanaman, oýun gutaryberende doganymdan: Merdan sahna haçan çykýar diýip sorapdyr.

Doganym: Ilkibada men hem tanamadym, şol Elprun şanyň keşbini ýerine ýetiren ogluň Merdan-da diýipdir.Spektakl gaty gowy görüldi.

Merdan teatr ugrundan ýokary bilim aldy.Okuwy tapawutly tamamlap, uly höwes bilen Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnasyna geldi. 2001-nji ýylda kömekçi artist wezipesine işe başlan Merdan şu ýyllaryň içinde özüne ynanylan çagalar üçin sahnalaşdyrylan eserlerden başlap, komediýa, drama eserlerinde hem ululy-kiçili keşpleriň onlarçasyny döredip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Öz ýaşlygyna garamazdan, taryhy şahsyýetleriň keşplerini sahnada janlandyrdy.

Ol A.Allakowyň Gudratly çeşmesinde Arçmanyň, A.Hojamyradowyň Öwez öýlenen spektaklynda Öweziň, Zeýnelarapda Hüseýiniň, M.Ömüriň Seljuk Soltanynda Mahmyt begiň, Soltan Jelaletdinde Jelaletdiniň, Sargytda Wepamyradyň, G.Muhtarowyň Altyn balygynda Tahyryň, A.Şakulyýewiň Toba eserinde Röwşeniň, Mukaddes söýgüde Penanyň, D.Oraýewiň Leýli-Mežnunynda Dawut Serdaryň, G.Daňatarowyň Keminesinde Ýanyk batyryň, E.Akmyradowanyň Yşkyň ummanynda küreksiz eserinde Mollanepesiň, Mälik şada Artyk begiň, N.Rejepowyň Halal hazyna eserinde Şaja çopanyň, Ç.Aýtmatowyň Elwan ýaglykly serwim eserinde Jantaýyň, G.Daňatarowyň Söýgi bizi halas eder eserinde Atagyň, G.Nazarowyň Talyp söýgüsinde Merediň, G.Daňatarowyň Tekepbir gyz spektaklynda Helebaý gödegiň, G.Kakabaýewiň Gumly gelin oýnunda Möjegiň, M.Akmämmedowyň Ir gelen bahar spektaklynda Pälwanyň, A.Wampilowyň Myhmanhanada oýnunda Komaýewiň, N.Rejepowyň Aç möjek eserinde möjegiň, N.Söýünowyň Gülnarjan eserinde çopanyň, A.Işangulyýewiň Taýharjyk eserinde alakanyň we başga-da birnäçe eserler esasynda goýlan spetakllarda ululy-kiçili keşpleri sahnada janlandyrdy.

Merdan spektakllardan daşary baýramçylyklar üçin taýýarlanýan Gülki agşamlarynda hem gülküli sahnalary ýerine ýetirýär.

Merdandan: Döredýän keşpleriňden lezzet alýarmyň?diýip soranymda, ol: Oýnaýan keşplerim bilen ynsan kalbyna aralaşyp bilsem, umuman, tomaşaçylaryň kalbyndaky hasratyna, begenjine, duýgusyna jogap tapyp bilsem, armanym ýok.Onuň üçin, iň bärkisi, biz artistleriň gözümizden akýan begençli ýa-da gynançly ýaşymyz ýalan bolmaly däldir. Ýalandan aglajak ýa-da güljek boldugyň, keşpdäki häsiýetiň ýoýuldygydyr.

Keşp ýoýulsa-da artistiň, spektaklyň bahasy gaçýandyr.Biziň döredýän keşplerimiz oturan tomaşaçylara täsir etmeli. Şeýle-de, begenç duýgusy bilen, ýeňillik bilen öýlerine gaýtmaly.Tomaşaçylaryň ýüzlerinden şu duýgulary duýup bilsem, yhlasymyň ýerine düşdügi diýip pikir edýärin.

Meniň üçin iň uly lezzet şol diýip jogap beripdi.

Merdan Çaryýew täze möwsümde täze spektakllary döretmek ugrunda köp işler edýär. Ol hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat işgärleri üçin edýän atalyk aladalaryna jogap edip, gözel, asuda döwrümizi wasp edýän spektakllarda özüne ynanylan keşpleri döretmegiň pikirinde. Biz Merdana halka hyzmat edip, uly abraýa, üstünliklere eýe bolup, sungat äleminde ýokary basgançaklara ýetmegini arzuw edýäris.

Maýa Çaryýewa,

Mary welaýatynyň Kemine adyndaky

döwlet drama teatrynyň bölüm müdiri.

The post Ynsan kalbyna barýan ýollar appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Ýurdumyzyň teatrlarynda 20 22-nji oktýabrda görkeziljek sahna oýunlary
Ýurdumyzyň teatrlarynda 2426-njy noýabry aralygynda görkeziljek sahna oýunlary
14-15-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary