Ynamdar syýahatçylar üçin “altyn” wizalar berler

Indoneziýada “altyn wizalar” ornaşdyrylýar. Olaryň çykarylmagy ýakyn hepdelerde başlap biler diýip, ýurduň syýahatçylyk we kreatiw ykdysadyýet ministri Sandiaga Uno aýtdy.

“Altyn wizalar” daşary ýurt raýatlaryna Indoneziýada uzak wagtlap – bäş ýyldan on ýyla çenli ýaşamaga mümkinçilik berer. Emma bu hyzmat diňe ynamdar myhmanlar üçin elýeterli bolar. Olaryň hasaplarynda ýeterlik mukdarda pul serişdeleriniň bolmagy bilen birlikde, başga-da birnäçe ülňülere laýyk gelmeli bolarlar.

“Häkimiýetler bu innowasiýanyň ýurtda syýahatçylygyň ösmegine goşant goşjakdygyna ynanýarlar. Mundan başga-da, “altyn wizalar” daşary ýurt maýadarlaryny özüne çekip biler” diýip, “Detik” portaly habar berýär.

Häzirki wagtda bu ýurtda 30 günden köp bolmadyk bir gezeklik giriş wizasynyň bahasy 35 dollar.

Ýene degişli makalalar

Netanýahu: "Ysraýyl ABŞ-nyň iň güýçli ýarany" diýdi
Soňky 5 minutda çempion topar 3 gezek üýtgedi we ahyrynda 66 ýyldan soň gazanylan ýeňiş
Zelenskiý: "Uruş biz ýeňiş gazanan mahalymyz gutarar" diýdi
Uruş Biz Üstün Çykanymyzda Gutarar
Rim Papasy Wengriýada Saparda Bolýar
Wengriýanyň Prezidenti Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär