Taryha altyn harplar bilen ýazylýan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda gazanylan ösüşleriň, üstünlikleriň üstüni ýetiren şanly wakalaryň biri bolan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Hakyda göwheri” atly ajaýyp kitaby ata-babalarymyzdan gelýän mirasymyzy, Magtymguly atamyzyň edebi mirasyny ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilik döretdi. “Hakyda göwheri” atly bu kitap geçmişimize buýsanjy, geljegimize ynamy artdyrýar.
Onuň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda neşir edilmegi uly ähmiýete eýedir. Çuňňur paýhasa ýugrulan täze kitabyň ady, onuň daşky sahabynyň bezeginde Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň hem-de Seýit Jemaleddin metjidiniň şekillendirilmegi özboluşly bir kompozisiýany emele getirýär.
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly hem-de Änew şäheriniň şu ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi agzybirligi pugtalandyrmakda, dünýäde parahatçylygy goldamakda örän möhüm ähmiýete eýedir.
Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan gymmatly maglumatlarynyň esasynda sowgat beren ajaýyp kitaby ylym ýolunda şamçyrag bolup hyzmat eder.Milli Liderimiziň parasatly pikirlerini öz içine alýan täze eser iki uly bapdan ybarat bolup, olaryň birinjisi Taryha syýahat, ikinjisi Ruhy miras diýlip atlandyrylypdyr.
Gahryman Arkadagymyz Taryh şu ýerden başlanýar atly bölüminde: Meşhur alym Wadim Massonyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň taryhy geçmişinde adamzat taryhyna täsir eden uly döwürler bolupdyr.Alym olaryň içinde has bir wajyp döwürleriň üçüsini öňe sürýär.
Olaryň biri bürünç zamanasynda gülläp ösen Altyndepe we Gadymy Margiana siwilizasiýalarydyr.Ikinjisi — Parfiýa döwleti. Üçünjisi — türkmenleriň guran Beýik Seljuk döwleti diýip belleýär.Bu sözlerden ugur alsak, alym Arkadagymyzyň bu eseri bize köp sanly taryhy, ylmy maglumatlar bilen tanyşmaga esas döredýär. Şeýle hem, Milli Liderimiz öz kitabynda akademik W.Massonyň 1999-njy ýylda neşir edilen Türkmenistan dünýä taryhynyň aýnasynda atly işini ylmy taýdan derňeýär.
Gahryman Arkadagymyz meşhur alymyň pikirlerini doly goldap, olary has anyklaşdyryp, şol döwürleriň üstüni doldurmagy, olaryň çägini giňeltmegi uly ussatlyk bilen başarypdyr. Şeýlelikde, Milli Liderimiz kitabyň birinji babyna Taryh şu ýerden başlanýar, Änew medeniýeti, Bürünç zamanynyň medeni ojaklary, Beýik Seljuklar döwri, Horezm şalar döwleti atly bölümleri girizipdir.
Bu bölümleriň içindäki berlen maglumatlar esasynda hem bu döwletlerdäki siwilizasiýalar barada giňişleýin we gyzykly maglumatlary öwrenmek bolýar.Kitapda bu döwletleriň taryhyň dürli döwürlerinde ösüşleri, dünýä siwilizasiýasyna goşan goşantlary barasynda jikme-jik anyk maglumatlar bu kitaby ylmy gollanma hökmünde hem ulanmaga esas döredýär.
Milli Liderimiziň ýiti zehininden dörän täze kitabyň ikinji babynda Oguznama eposynyň dürli görnüşleri, şeýle hem Magtymguly, Zamahşary, Andalyp ýaly beýik şahsyýetler barada getirýän maglumatlary we oýlanmalary örän gyzykly hem-de özüne çekijidir.
Bu kitapdan taryhçylar, arheologlar, edebiýatçylar, maddy we ruhy mirasymyz bilen gyzyklanýan okyjylar özleri üçin gyzykly maglumatlary taparlar. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy barasynda anyk deliller bilen gňrkezilen maglumatlara duş gelmek bolýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň ylmy-filosofiki eserleri okyjylar üçin ylmy we döredijilik şamçyragydyr.Halkymyzyň şöhratly taryhyny, baý-medeni mirasyny, nusgalyk ýörelgelerini beýan edýän “Hakyda göwheri” eseri hem bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr.
Bu kitap iki dilde, ýagny türkmen we iňlis dillerinde neşir edilip, dünýäniň dürli halklary üçin okamaga oňaýly şertleri döredýär.Milli Liderimiziň bu kitabyny ýazmakda ozal ýazan we giň okyjylar köpçüligine ýetiren kitaplaryny, şeýle hem, Watanymyzyň şöhratly taryhyny öwrenmekde ummasyz işleri bitiren arheologlaryň bitiren işleri baradaky golýazmalary peýdalanmagy bu kitabyň ylmy ähmiýetini has hem artdyrýar. Şeýleikde, Alym Arkadagymyzyň ýiti zehininiň miwesi bolan “Hakyda göwheri” atly kitaby ylym bilen meşgullanmakda ylmy gollanma hökmünde ýankitabymyza, şamçyragymyza öwrüler.
Merjen Berdiýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ talyby /* custom css */ .td_uid_15_6756de05afb14_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6756de05afb14_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }