Soňky ýarym asyrda Türkmenistanda kitaphana işiniň medeniýetindäki düýpli özgertmeleriň ählisi bu adamyň ady bilen baglanşykly.Baryp sowetler döwri türkmen halkynyň taryhy geçmişi, hususan-da pederlerimiziň gadymy we orta asyr hat ýazuw hem-de kitap medeniýeti bilen baglanşykly tutuş meseleler ulgamynyň daşyndaky unudylma berk diwaryny böwsen, bu medeniýetiň gözbaşy hökmünde Awesta üns beren, arap elipbisindäki ýok saýylan türkmen daşbasma kitaplaryny gaýtaryp beren batyrgaý taryhçy Almaz Berdiýewiç Ýazberdiýewdir.
Kitap öwreniji uly alym, kitaphanaşynas we Orta Aziýanyň bibliografy, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň at gazanan ...