Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige

Ylmy işläp taýýarlamalar  önümçilige

Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi barlaghanasy Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) bilen baglaşan şertnamasynyň çäklerinde ýaglaryň çalgy, motor, dizel, senagat we beýleki görnüşleriniň öndürilişiniň tehnologiýasyny işläp taýýarlaýar.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ýol bitumyny öndürýän enjamyndan alynýan wakum-gaz-ýag fraksiýasyndan binýatlyk ýaglaryň kompenentini almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.Türkmenistanyň YA-nyň Tehnologiýalar merkeziniň täze maddalaryň sintezi barlaghanasynyň esasy maksady ýerli çig maldan dünýä bazarynda bäsleişge ukyply sintezleri almak we ylmyň has öňdebaryjy gazananlaryny, usullaryny we innowasiýalary ulanyp, olaryň önümçilginiň tehnlogiýasyny işläp taýýarlamakdyr-diýip barlaghananyň müdiri Jeren Sylapowa gürrüň berýär - Täze maddalaryň sintezi barlaghanasyna 2020-nji ýylyň aprelinde Türkmenstandartlary Baş döwet gullugynyň güwänamasy berildi.

Barlaghananyň belli haryt öndürijileriň analizleýji enjamlary bilen üpjün edilmegi standartlaryň bellenilen kadalaşdyryjy talaplaryna laýyklykda analiz geçirmäge mümkinçilik berýär.Laboratoriýa nebitiň we nebit önümleriniň fiziki-himiki görkezijilerini, çalgy, motor we transformator ýaglarynyň konsistent görkezijilerini, bitumyň markasyny kesgitlemek ýaly işleri ýerine ýetirýär.

Barlaghananyň işgärleri Türkmenhimiýa DK-nyň Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hünärmenleri bilen bilelikde toplumlaýyn garyşyk NPS-dökün (azotly-fosforly-kükürtli toplumlaýyn dökün) taýýarladylar, ol geljegi uly adaty däl meliorant-dökünleriň, karbamid we mineral goşundylaryň: bentonitiň ýa-da dolomitiň garyşygyndan taýýarlanylýar, şeýle hem ony önümçilige ornaşdyrmak boýunça iş alyp barýarlar.

Alnan döküniň organoleptiki we fiziki-himiki görkezijileri kesgitlenende analiziň spektral usuly, has takygy UM-spektroskopiýa we rengenfluoressent spektormetr ulanyldy.Işlenip taýýarlanan NPS-döküni tehniki, galla we gök ekinlerde topragyň hasyllylygyny, çyg saklaýşyny ýokarlandyrmak we gurluşyny gowulandyrmak üçin giňden ulanylýar.

Ýene degişli makalalar

Ylmy işläp taýýarlamalar önümçilige
Türkmen alymlary tehniki ýaglaryň we dökünleriň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrýarlar
Türkmen wekiliýeti 111-nji Halkara zähmet konferensiýasyna gatnaşýar
Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri Halkara zähmet guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy
12.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary