(Ýaşlar guramasynyň bäsleşigine)
Paýtagtymyz Aşgabat gaýtalanmajak gözellikleriň şäheridir. Zehinli suratkeşlerimiz onuň gözelliklerini sungat eserleriniň üsti bilen wasp edýärler.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda milli akademiki sungat ugry boýunça bilim alýan zehinli talyplar hem Aşgabat temasyny uly höwes bilen saýlap alýarlar.
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymy Perman Tüýliýewiň Aşgabada bagyşlap döreden Aziýanyň merjen şäheri atly eserinde şäheriň görnüşi giňişlikde şekillendirilipdir.Beýik binalaryň giň hatary aýna ýaly şaýollar bilen utgaşyp, gözýetime çenli uzap gidýär.
Asmanda kepderiler erkana ganat ýaýýar.Eserde Aşgabadyň parahat ýaşaýşy, şeýle hem gülläp ösüşleri ak mermer binalarynyň mysalynda äşgär görünýär.Suratkeş bu eserini şäher peýzažynyň nusgawy däpleri boýunça döredip, Aşgabadyň gözel keşbini ussatlyk bilen açyp görkezmegi başarypdyr.
Bedew hakdaky eserler rowaçlygyň nyşany bolup, bir bitewi gözelligi döredýär.Zehinli suratkeşler Zakirjan Babaýewiň Aşgabat, Rüstem Haýytmyradowyň Meleguş, Babajan Begatowyň Bedew, Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň Bitaraplygyň waspçylary, Hanmyrat Hanowyň Bagtyýarlyk döwrüniň milli mirasy ýaly baý many-mazmunly nakgaşlyk işlerinde bedew keşbi özboluşly şekillendirilipdir.
Rüstem Haýytmyradowyň Meleguş atly nakgaşlyk işiniň birinji meýilnamasynda owadan bedew at suratlandyrylypdyr.Ikinji meýilnamada bolsa ak mermer binalara beslenen Aşgabat seleňläp görünýär.Eserde parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiler ýurdumyzyň asudalygyny alamatlandyrýar.
Syrdam bedew at, ak kepderiler, ýaşyl öwüsýän tebigat Aşgabadyň keşbi bilen birleşip, paýtagtymyzyň gözelligini, döwrümiziň bagtyýarlygyny şöhlelendirýär.Eserde dürli öwüşginli reňkler özara sazlaşykly ulanylypdyr.
Sport temasynda döredilen şekillendiriş sungaty eserlerinde hem Aşgabadyňkeşbi mynasyp beýanyny tapýar.Aşgabat — sagdynlygyň, ruhubelentligiň şäheri.Sport bilen bagly döredilen nakgaşlyk şekillendirilmegi 2017-nji ýylda has-da köp ýüzlenilen, ýörgünli tema boldy. Şol ýyl paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen bagly ýurdumyzyň halypa we ýaş suratkeşleri Aşgabadyň gözelligine bagyşlanan taslama eserlerine uly orun berdiler.
Ruslan Abdullaýewiň Türgenleşik, Atamyrat Çaryýewiň Welosport atly nakgaşlyk işlerini muňa mysal görkezmek bolar. Ýeri gelende bellesek, şu ýyl ýurdumyzda Welotrek boýunça dünýä çempionaty hem-de Dewisiň Kubogyny almak boýunça halkara ýaryşyň saýlama tapgyry geçiriler.
Ol bolsa paýtagtymyz bilen baglanyşykly täze eserleriň ylham çeşmesi bolar.
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk toýy ýokary derejede bellenilýär. Munuň özi suratkeşlere täze sungat eserlerini döretmäge egsilmez ylham berýär. Ýakyn günlerde merjen şäherimiz Aşgabada bagyşlanyp, Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda açyljak döredijilik sergisi hem sungat muşdaklaryna ajaýyp sowgat bolar.
Maýsa BERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.