Täze ýylyň öň ýanynda agşamlaryna öýde oturasyň gelmeýär.Hamala, Aýaz babanyň sahawatly eli bilen seçilen ýaly dürli ýalpyldyly yşyklar şäherimize üýtgeşik bezeg berip, adamlary şadyýanlyk älemine syýahada çagyrýar.
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasyndaky dabaralaryň geçirilýän esasy ýerleriniň biri-de paýtagtymyzyň merkezindäki Ylham seýilgähidir.Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary gyş ertekisi älemine aralaşmak üçin şäheriň dürli künjeklerinden bu ýere gelýärler.
Dürli röwüşli lowurdap duran yşykly arkalardan geçip, çagalar we ulular her hili güýmenjeler dünýäsine düşýärler.Seýilgäh Täze ýyl lybasyna giripdir, üýtgeşik şekiller göwnüňi göterýär, adamlaryň ýüzi nurlanýar, hat-da reňbe-reň çüwdürimler-de ýalpyldy Täze ýyl arça bezeglerini ýada salýar.
Adamlaryň şadyýan gülkisi we joşgunly söhbetler aýdym-saza utgaşyp gidýär.Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary şadyýan tans sazlaryny ýerine ýetirýärler. Ýaş aýdymçylaryň arasynda estrada sungatynyň muşdaklarynyň söýgüsine mynawsyp bolan Aziza Agamyradowa, Aýgül Maşadowa we Bagtyýar Täçdurdyýew dagy bar.
TMK-nyň talyplarynyň köpüsi ýoldaşlaryny goldamaga gelipdirler, olar seýilgähiň Baş arçasynyň töwereginde tans edýärdiler.Foto hem wideosuratlary halaýanlar umumy şadyýanlygya üýtgeşik gelşik berýärler.Aýaz babaynyň we onuň agtygy Garpamygyň, şeýle hem ertekileriň gahrymanlarynyňdyr ýylyň nyşany- syçanyň ýanynda surata düşýän körpejelere bakyp gözüň doýmaýar.
Meşhur multfilmleriň gahrymanlarynyň şekilleri çekilen karton stendleriň- tantamareskalaryň töweregi has-da şowhunly.Körpeleriň haýsysy söýgüli gahrymanlarynyň ýanyndan biparh geçer diýsene!Owadan şa gyzynyň keşbindäki oglanjyk has-da gülkünç görünýärdi. Şadyýan güýmenjelerdir hat-da çagalaryň garagollygy-da bu jadylar dünýäsinde ýazgarylmaýar. Çünki, mähirli Aýaz baba: Näçe gülkünç we ýürekden bolsa, şonça-da gowy!-diýip görkezme beripdi. Özboluşly sahna meýdançalarynda sirk artistleri žonglýorlar we şadyýan masgarabaz çykyş edip, dürli ýaşdaky tomaşaçylary güýmeýärdiler.
Bu ýerde süýji tagamlary halaýanlara ertekilerdäki ýaly owadan bezelen külbejiklerde her hili tagamlar, çişirilýan şarlary isleýänlere olaryň her hilisi teklip edilýär...Täzeçillikler we şadyýanlyklar baýramynda uludan kiçi hemmeler bagtyýardy!