Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işine başlady, bu çäräni ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guraýar.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän ýöriteleşdirilen sergi şu ýyl Watanymyzda 20-nji oktýabrda ilkinji gezek bellenilýän Senagat işgärleriniň gününe bagyşlanýar.

Milli ykdysadyýetimiziň iň okgunly ösýän pudaklarynyň biriniň işgärleriniň hormatyna esaslandyrylan bu hünär baýramy her ýyl oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde baýram edilýär. Şol gün tutuş ýurdumyz boýunça dürli çäreler — duşuşyklar, konsertler we beýleki dabaralar guralar.

Kärhanalarda önümçiligiň öňdebaryjylaryny sarpalamak çäreleri geçiriler. Ýurdumyzyň ägirt uly serişde hem-de ykdysady mümkinçilikleri, ekologiýa taýdan arassa we ýokary tehnologiýaly önümçilikler, oňat hilli harytlar, halkara ölçegleriniň talaplaryna kybap gelýän önümler bu gün döwletimiziň senagat pudagynyň daşary ýurtlarda abraýyny üpjün edýär.

Türkmenistan kuwwatly önümçilik düzümleriniň döredilmegini, ýurdumyzyň öz çig mal serişdeleriniň hem-de tebigy baýlyklarynyň binýadynda ýokary hilli önümleriň möçberlerini we görnüşlerini artdyrmagy ugur edinmegi netijesinde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge gyzyklanma bildirýänleriň sany barha artýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn syýasaty netijesinde daşary ýurt maýa goýumlary üçin açyk, amatly we okgunly ösýän türkmen bazarynda olar öz orunlaryny berkitmäge çalyşýarlar.Senagat toplumynyň we kommunikasiýa ulgamynyň ösdürilmegine ýardam etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň hem-de sergä gatnaşýan daşary ýurt kompaniýalarynyň senagat enjamlarynyň, iň täze tehnikasynyň we hyzmatlarynyň ägirt uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak şu gezekki halkara serginiň hem-de ylmy maslahatyň baş maksady bolup durýar.

Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň we beýleki ýurtlaryň wekilleri foruma öz işewürlik teklipleri bilen geldiler.Forumyň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly hem-de ýerli işewürler, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Aşgabadyň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar.

Forumyň açylyş dabarasynda paýtagtymyzyň döredijilik toparlary aýdym-sazlar bilen çykyş edip, köpöwüşginli baýramçylyk ýagdaýyny emele getirdiler. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, onda milli Liderimiz halkara foruma gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, senagat we kommunikasiýa ulgamynda guwandyryjy işleriň amala aşyrylýandygyny belledi.

Bu maksatnamanyň çäginde ykdysadyýetimizi doly döwrebaplaşdyrmaga, kuwwatly senagat düzümini döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.Senagat kärhanalarynda innowasiýalary, öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de iň gowy daşary ýurt tejribesini giňden ornaşdyrmaga-da aýratyn ähmiýet berilýär. Şonuň bilen birlikde, senagat pudagynyň düzümlerinde gaýtadan işleýän innowasion toplumlary döretmek, ýerli çig mal esasynda gurluşyk pudagy üçin zerur bolan serişdeleriň öndürilýän möçberlerini köpeltmek, bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça strategik wezipeler durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda nygtaýar.

Söwda-senagat edarasynyň sergi binasynda pudaklaryň sergi bölümleri ýerleşdirildi, şolarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet maksatnamalarynyň we innowasiýa taslamalaryň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň senagat pudaklaryny görlüp-eşidilmedik giň gerimde döwrebaplaşdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak işleriniň üstünliklere beslenýändigi barada gürrüň berilýär. Şolaryň köp bölegi türkmen işewürligini ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri — önümçiliklere tehnologiýa täzeliklerini ornaşdyrmagyň binýadynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän senagat kärhanalarynyň döredilmegine degişlidir.

Sergide gaýtadan işleýän senagat pudaklarynyň himiýa hem-de dokma senagaty, gaz we nebithimiýa, ulag, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi we azyk senagaty ugurlarynyň ösüşi beýan edilýär. Ýurdumyzyň döwlet hem-de telekeçilik düzümleriniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň sergi bölümlerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikleri açylyp görkezilýär.

Milli ykdysadyýetimiziň döwlet düzümleriniň we kärhanalarynyň bölümleri daşary ýurtly myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi, şolarda innowasiýa tehnologiýalary peýdalanmak arkaly dürli önümçiliklerde ýetilen sepgitler, ýurdumyzyň alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň täzeçil işläp taýýarlamalary görkezilýär.

Bu babatda Türkmensenagat agentliginiň kärhanalarynyň diwarlygyny aýratyn bellemek gerek, şonda ýerli telekeçileriň gatnaşmagynda bilelikdäki kärhanalaryň binýadynda daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikleri döretmegiň maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde öndürilýän dürli görnüşli taýýar önümler görkezilýär. Ýurdumyz üçin zerur bolan hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply gurluşyk serişdelerini senagat pudagynyň uly tejribe toplan düzümleri hem, bu ugurda täze işläp başlan kärhanalar hem hödürleýärler.

Olaryň hatarynda turbalar, kerpiçler, demir-beton gurnamalary, çyglylykdan goraýan serişdeler, gurluşyk çägesi, penopolistirol, keramzit, dürli emulsiýa hem-de boýag serişdeleri, elektrik kabelleri, ýanýodalaryň bezeg daşlary we kafeller, gury gurluşyk garyndylary, Türkmen aýna önümleri zawodynyň aýnalarynyň dürli görnüşleri, şeýle hem ýag hem-de howa süzgüçler, akkumulýatorlar we beýlekiler giňden görkezilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu pudagyň ösdürilmegine berýän yzygiderli ünsi, senagat pudagynyň düzümlerinde innowasiýa häsiýetli gaýtadan işleýän toplumlaryň işe girizilmegi, senagat pudagy üçin zerur bolan önümleriň önümçiliginiň ýerli serişdeleriň hasabyna giňeldilmegi, bilelikdäki kärhanalary döretmegiň, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň netijesinde ýurdumyzda öndürilýän senagat harytlarynyň görnüşleri ýyl-ýyldan artýar.

Sergi bölümlerinde gurnalan wideorolikler arkaly täze önümler hem-de gurluşyk tehnologiýalary, gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça awtomatik ulgamlar we kiçi zawodlaryň işleri, suw sorujylar hem-de suw arassalaýjy enjamlar, panel we diwarlyk kerpiçler, alýuminiý hem-de plastik, santehniki we timarlaýyş serişdeleri görkezilýär.

Sergä senagat enjamlaryny öndürýän hem-de tehnologiýa täzeçilliklerini hödürleýän dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary gatnaşýarlar, şolar bilen hyzmatdaşlygyň köpýyllyk iş tejribesi toplanyldy. Ýokary kosmos tehnologiýalary ulgamynda öňdebaryjy Thales alenia spaсe kompaniýasy nawigasiýa we howpsuzlyk ulgamlary boýunça toplumlaýyn çözgütleri hödürleýär.

Köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlyk tejribeleri bolan Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalaryndan türkmen bazarynyň netijeli tehnologiýa we senagat işläp taýýarlamalaryna barha artýan isleglerini göz öňünde tutýan, ýerli çig mal serişdelerini işläp taýýarlamaga gönükdirilen önümçiligi ýola goýmak we enjamlaşdyrmak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak babatda teklipler gelip gowuşýar, bu kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk özüniň oňyn netijesini berýär.

Sergide Türkmenhimiýa Döwlet konserniniň önümleri giňden görkezildi.Halk hojalygynyň isleglerini üpjün etmek üçin mineral dökünleri, nebit önümleriniň dürli görnüşleri, gurluşyk serişdelerini öndürmek himiýa senagatynyň gelejegi uly ugurlaryna girýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow himiýa senagatynyň kuwwatlyklarynyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär.Munuň özi ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça Maksatnamada aýdyň beýanyny tapýar. Ýurdumyzyň oba hojalygynyň isleglerini doly kanagatlandyrmak we azyk howpsuzlygyny berkitmek üçin dökünleriň dürli görnüşlerini öndürmek bu ulgamyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Tebigy baýlyklar, uglewodorod we kükürtli wodorod çig mallarynyň ägirt uly gorlary, olary işläp taýýarlamak we taýýar önüm görnüşinde işläp çykarmak boýunça iň täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy mineral önümleriň möçberini artdyrmaga we görnüşlerini düýpli giňeltmäge mümkinçilik berýän şertlerdir.

Türkmenhimiýa döwlet konserniniň Türkmenabatdaky himiýa zawodynyň diwarlyklary hem derrew ünsi özüne çekýär. Ýylda fosfor dökünleriniň 225 müň tonnasyny we kükürt kislotasynyň 500 müň tonnasyny öndürmäge gönükdirilen bu zawod ýurdumyzyň himiýa senagatynyň uly kärhanalarynyň biridir.

Häzirki wagtda bu ýerde ylmy we amaly işleriň netijesinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda peýdalanylýan täze önümleriň önümçiligi özleşdirildi.Häzirki wagtda Maryazot önümçilik birleşigini, Tejenkarbamid we Marykarbamid zawodlaryny, şeýle hem Marydaky gazhimiýa toplumyny özünde birleşdirýän kärhanalar toplumy ýurdumyzyň gündogar sebitiniň azot ulgamynyň düzümini emele getirýär.

Balkan welaýatynda nobatdaky innowasion gazhimiýa toplumyny gurmak boýunça taslamanyň durmuşa geçirilmegi hem eksporta niýetlenen önümleriň öndürilişini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen şertlendirilendir.Hünärmenler we daşary ýurtly bilermenler Garabogazkarbamid zawodynyň önümlerine aýratyn üns berdiler.

Garabogazköl türkmen aýlagy Ýer ýüzünde senagat möçberlerinde natriý sulfatynyň we beýleki gymmatly duzly minerallaryň tebigy şertlerde kristallaşýan künjekleriň biridir.Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “altyn düýbi” sulfat senagaty üçin çig mal binýady bolup hyzmat edýän aýlagyň kenarynda karbamid zawodynyň gurulmagy ýurdumyzyň köp pudakly mineral senagatynyň kemala gelmeginde ýene bir nobatdaky ädim boldy.

Garabogazkarbamid zawodynda öndürilýän önümleriň köp bölegini daşary ýurtly sarp edijilere ibermek meýilnamalaşdyrylýar.Häzirki wagtda daşary ýurtlular bu himiýa önümini satyn almaga uly gyzyklanma bildirýärler.Häzir ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtomobil, demir ýol we howa ýollaryna çykýan howa we ýerüsti ýollary birleşdirilen aragatnaşyk ulgamy üstünlikli döredilýär.

Munuň şeýledigine Türkmenawtoulaglary, Türkmendemirýollary, Türkmenhowaýollary, Türkmendeňizderýaýollary agentlikleriniň diwarlyklary aýdyň beýan edýär. Ýol gurluşygyna aýratyn bölüm bagyşlanypdyr.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda döwrebap ulag düzümini döretmek boýunça iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Müňlerçe kilometre uzaýan awtobanlar, olar bilen birlikde köprüler, estakadalar, çylşyrymly ýol hereket desgalary gurulýar.Olaryň gurluşygy aýratyn inžener-tehniki çözgütleri we iň täze tehnologiýalary talap edýär. Şuňa görä-de, sergide ýurdumyzyň möhüm ýollarynda häzirki zaman köpri geçelgelerini we köp derejeli çylşyrymly ýol düzümlerini gurýan kärhanalaryň diwarlyklary, şeýle hem Türkmenistanda bu ulgamda öz nou-haularyny teklip etmäge taýýar esasy daşary ýurt firmalarynyň gymmatlyklary uly gyzyklanma döretdi.

Ylmy maslahatyň çäklerinde daşary ýurtly işewür toparlarynyň wekilleri türkmen hünärmenlerini gurluşyk, gurluşyk serişdeleriniň, enjamlaryň we beýlekileriň önümçiligi boýunça ulgamda hyzmatdaşlygy ýaýbaňlandyrmak boýunça teklipleri bilen tanyşdyrarlar.Birnäçe kompaniýalaryň tanyşdyrylyşy geçirilip, olaryň önümçilik mümkinçilikleri we halkara bazardaky işleri barada zerur bolan maglumatlar berler. Şeýlelikde, sergä gelip görýänler we ylmy maslahata gatnaşyjylar, ozaly bilen hem pudaklaryň ýolbaşçylary, hünärmenler we telekeçiler öz kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp hem-de ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

Hususy işewürligiň wekilleri döwletimiziň durnukly ösüşine öz goşýan goşantlaryny yzygiderli artdyrmak bilen, halk hojalyk toplumynyň önümçilik ulgamlarynda orunlaryny barha berkidýärler.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli aladalary netijesinde telekeçiligiň ösdürilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň telekeçileri we önüm öndürijileri oba hojalygy we azyk ulgamlaryndan, dokma we mebel önümçiliginden, neşirýat işlerinden başlap, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlarynyň we senagat kärhanalarynyň gurluşygy ýaly dürli ugurlarda işlemäge ýöriteleşýärler.

Sergide ilata we guramalara hyzmatyň dürli görnüşlerini hödürleýän hususy ulgamyň wekilleriniň işlerine hem aýratyn orun berlipdir.Işewürligiň ulag we logistika ýaly wajyp ugurlaryna hem aýratyn bölümler bagyşlanypdyr.Häzirki wagtda ýurdumyzda olary ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilmeginiň barşynda bu ulgamlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Dokma senagaty ministrligi halk hojalygynyň eksporta niýetlenen esasy ulgamlarynyň önümleriniň birini görkezdi.Nah ýüplükleriniň, ýüpek matalarynyň, tikin we trikotaž önümleriniň baý görnüşleri ýokary hilliligi, bezegleriniň ajaýyplygy, milli däp-dessurlara eýerýänligi bilen tapawutlanýarlar.

Owadan we özboluşly bezelen diwarlyklarda dokma önümçiliginiň ähli ugurlary: çig maldan öndürilen ýokary hilli önümlerden başlap, pagtadan we ýüpekden öndürilen önümler ýaly, taýýar önümleriň öndürilişi öz beýanyny tapypdyr.Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu pudagyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna uly üns berýär.

Sergide älemgoşaryň ähli öwüşginleri bilen lowurdaýan panbarhat, milli keteni matasy we olardan öndürilen taýýar önümler bu ýere gelenleriň ünsüni aýratyn özüne çekdi. Şeýle hem sergide elde dokalan ýüpek halylary, ýüpekçilik ulgamynyň esasy çig maly bolan ýüpek pileleri, gadymy we döwrebap zenan eşikleri, çeper bezelen keşdeler, sowgatlyklar we enjamlar goýlupdyr.

Dokma toplumlarynyň her biriniň ýanynda hereket edýän synag bölümleriniň binýadynda milli çeper we bezeg däplerini döredijilikli beýan etmäge gönükdirilen modelçilik we dizaýn mekdepleri bar.Häzirki wagtda Aşgabat modeller öýüniň dizaýnçylarynyň işleri ýurdumyzyň çäklerinden daşarda hem bellidir.

Keteniden, şifondan, taftdan, mahmaldan tikilen ajaýyp egin-eşikleri görkezýän gyzlarymyzyň lybaslarynyň owadan görnüşleri daşary ýurtly synçylary, hakykatdan-da, haýran galdyrýar.Milli lybasyň däp-dessurlaryny we biçimçiligiň hem-de bezegçiligiň häzirki zaman ugurlaryny özünde jemleýän işleri matalaryň diňe bir ýokary hilliliginiň däl, eýsem, türkmen modasynyň çalt tanalýan, gaýtalanmajak görnüşiniň iň oňat mahabaty bolup durýar. Ýurdumyzyň Dokma senagaty ministrliginiň Türkmenhaly önümçilik birleşiginiň kärhanalarynyň, telekeçileriň we halyçylyk bilen meşgullanýan senetçileriň däp bolan nagyş we häzirki zaman el haly önümleri sergä gatnaşyjylarda we myhmanlarda uly gyzyklanma döredýär.

Senagat önümçiliginde öndürilýän halylaryň owadan nusgalary Watanymyzda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.Bu maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň barşyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hut özi hemişe gözegçilikde saklaýar.

Bu önümleriň öndürilmegi diňe bir ilatymyzyň içerki isleginiň doly kanagatlandyrylmagyna däl, eýsem, ýerli harytlaryň daşarky bazarlara çykarylmagyna hem gönükdirilendir.Elbetde, el halylarymyz ýurdumyzyň çäginden daşarda uly islegden peýdalanyp, Diýarymyza abraý getirýän gymmatlyk bolmagynda galýar. Şeýlelikde, 16-njy iýunda Dubaýyň (BAE) Al Fattan Marine Towers söwda merkezinde täze dükanyň dabaraly açylyşy boldy.

Bu ýerde türkmen halyçylarynyň ajaýyp el işlerini satyn alyp bolýar.Serginiň dabaraly açylyşynyň resmi böleginden soňra, Aşgabat modeller öýüniň dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanylan hem-de ýurdumyzyň dokma toplumlarynyň synag önümçilik bölümleriniň täze lybaslar toplumlarynyň görkezilişi boldy.

Türkmen dizaýnerleriniň ylhamy we zehini bilen döredilen ajaýyp lybaslarynyň toplumlary milli lybaslary taýýarlamagyň gadymy ýörelgelerini hem-de häzirki zaman meýillerini özünde jemläp, türkmen önümleriniň ýokary hilini beýan edýän özboluşly mahabata öwrüldi. Ýüpekden, mahmaldan hem-de keteniden işlenip taýýarlanan, nagyşlar bilen bezelen ajaýyp lybaslar, şeýle hem adatça, toý dabaralarynda zenanlaryň ajaýyp bezegine öwrülýän lybaslar kümüş şaý-sepleriniň sazlaşygynda tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Fransiýanyň Maison Сoudert modalar öýüniň hem-de Özbegistanyň Sharg liboslari Dizaýn merkeziniň wekilleri Aşgabatda ilkinji gezek öz lybaslar toplumlaryny görkezdiler.Bir toplumda dürli ýüpek matalaryň sazlaşygy, bezeginiň nepisligi we gözelligi, ajaýyp agşamky lybaslarda Swarowski gymmatly daşlaryň ýalpyldylary jadyly ertekiler dünýäsini ýada salýar.

Tomaşaçylara mähirli garşylandyklary üçin hoşallyk bildirip, meşhur ussatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň ýokary guramaçylyk derejesi, myhmansöýerlik hem-de öz işlerini türkmenistanlylara görkezmäge döredilen mümkinçilik üçin aýratyn hoşallygyny beýan etdiler.

Häzirki wagtda biziň döwletimiz öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagy üçin dünýä ýurtlaryna açykdyr hem-de öz toplan tejribesi we mümkinçilikleri bilen paýlaşmaga taýýardyr — muny şu gezekki Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary atly halkara sergi hem nobatdaky gezek görkezdi we şol bir wagtda gözden geçirilişe daşary ýurtly gatnaşyjylaryň ýurdumyza bildirýän ägirt uly gyzyklanmalaryny beýan etdi.

Günüň ikinji ýarymynda Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda öz işine başlan ylmy maslahat hem şeýle gatnaşyklaryň dowamyna öwrüldi, ol döwlet syýasatynyň senagat we kommunikasiýa ýaly ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga bagyşlandy.

Maslahata ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, telekeçiligiň wekilleri, birnäçe daşary ýurtly kompaniýalarynyň we kärhanalarynyň hünärmenleri, žurnalistler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan Türkmenistany innowasiýa ugurly ösdürmegiň binýadyny senagatyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň, umuman, ykdysadyýetimiziň düzümleýin özgertmeleriniň düzýändigi bellenildi. Ýurdumyzda gurluşyk materiallary, ýeňil we beýleki pudaklaryň häzirki zaman senagatyny elektron, elektrotehniki harytlaryň önümçiligini we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçiligini döretmek çykyşlarda gozgalan esasy meseleler boldy. Çykyşlaryň agramly bölegi öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga gönükdirilen senagatlaşmagyň barşynda telekeçilerimiziň eýeleýän düýpli ornuna bagyşlanyldy.

Ylmy maslahata gatnaşyjylar sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşdylar. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin senagat önümçiligini döretmäge, eksporta niýetlenilýän önümleriň möçberini artdyrmaga, ýerli çig mallaryň esasynda olaryň görnüşlerini giňeltmäge, täze iş orunlaryny döretmäge gönükdirilen maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň dürli künjeklerinde önümçilik kuwwatlygyny artdyrmagyň möhümdigine aýratyn ähmiýet berildi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi önümçiligiň mundan beýläk-de kämilleşmegi üçin täze mümkinçilikleri döredip, senagatyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalanmagyna ýardam edýär.

Bellenilişi ýaly, milli Liderimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan döwlet ösüşiniň strategiýasy okgunly ösüşiň uzak möhletli kuwwatyna eýe bolýan we ilatyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlanmagyny üpjün edýän milli ykdysadyýetiň kemala gelmegini göz öňünde tutýar.

Daşary ýurtly işewürler bilen göni gatnaşyklary giňeltmäge, täze taslamalaryň we teklipleriň üstünde bilelikde işlemäge gyzyklanýan ýurdumyzyň telekeçileri ýokary işjeňlik görkezdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ösüşiniň esasy ugurlary atly halkara sergi we ylmy maslahat ýurdumyzyň senagatynyň, öňdebaryjy dünýä tejribelerini öwrenmekde bazarlarymyzyň ägirt uly mümkinçiligini görkezmekde netijeli meýdança boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň möhüm şertidir.

Ýene degişli makalalar

15.10.2019 | Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy
15.10.2019 | Ykdysadyýetimiziň senagatlaşdyrylmagy - Türkmenistanyň ösüş strategiýasy
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
05.03.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy