Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy

Hemişelik Bitarap Watanymyzyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumyny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi uly bolan ugurlary maksatnamalaýyn durmuşa geçirilýär.Häzir bu pudaga ýurdumyzyň jemi içerki önümini öndürmekde hem-de eksport düzüminde esasy orun degişli bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet ähmiýetli möhüm meseleriň arasynda ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işlere hem garaldy.

Baky Bitarap Türkmenistanyň energetika strategiýasy ýurduň ägirt uly uglewodorod mümkinçiliklerini netijeli durmuşa geçirmäge we ýangyç-energetika toplumynda milli we umumy bähbitlere laýyk gelýän özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda Türkmenistan energetika ulgamynda Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar we Günorta — Gündogar ugurlara aýratyn ähmiýet berýär, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen ýakyn gatnaşyklary ýola goýýar.Daşary ýurt maýadarlary bilen uglewodorod çig malyny agtarmak, çykarmak we gaýtadan işlemek ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ulag düzümini ösdürmek boýunça döwletara ylalaşyklary we şertnamalary baglaşylýar.

Türkmenistanyň hyzmatdaşlar babatdaky bitaraplyk ugry köpugurly turba geçiriji düzümi döretmäge esaslanýar.Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy ägirt uly geosyýasy we geoykdysady ähmiýete eýedir.

Bu düzüm geljekde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge, diýmek, giň Ýewraziýa yklymynda ýaşaýan millionlarça adamyň durmuşyny has-da gowulandyrmaga ýardam eder.Halkara energiýa geçirijileri halkara energetika hyzmatdaşlygyny ýola goýmagyň gurallaryna öwrülip, sebitde jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy we ählumumy ösüşi, ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berer.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda Hazar deňzindäki Dostluk ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň baglaşylmagy hem bu ugurdaky möhüm ädimleriň biridir.

Nebitgaz senagatyny ösdürmek wezipeleri pudagy diwersifikasiýalaşdyrmak, täze känlerde, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegini we Galkynyş gaz känini senagat taýdan özleşdirmegi güýçlendirmek, bu işlerde ulanylýan sanly tehnologiýalaryň gerimini, hususan-da, 3D-modelirlemek usullaryny ulanmak arkaly giňeltmek ýaly wezipeleri öz içine alýar. Ýurdumyzda nebiti we gazy gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen täze, döwrebap toplumlar yzygiderli gurulýar.

Ahal welaýatynyň ykdysadyýetiniň häzirki ösüşinde gaz senagaty pudagynyň önjeýli paýy bardyr.Ahal welaýatynyň çäklerinde Türkmenistanyň iri gaz ýataklarynyň biri bolan Döwletabat ýatagy ýerleşýär. 2019-njy ýylyň iýun aýynda Gökdepe etrabynyň çäginde tebigy gazy gaýtadan işlemegiň esasynda ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän, dünýäde ilkinji gazhimiýa toplumy açylyp, işe girizildi. Şeýlelikde, welaýatda önümiň täze görnüşiniň — “ECO-93” görnüşli benziniň önümçiligi ýola goýuldy.

Bu desganyň işe girizilmegi welaýatyň çäginde täze ykdysady ösüş nokatlaryny emele getirmek üçin şertleri döredýär.

Ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň düzümleri üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, amaly okuwlary tejribe bilen utgaşdyrmak we ýaşlara berilýän bilimiň derejesini ýokary halkara görkezijilerine laýyk getirmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda uniwersitetimizde 23 ugur boýunça hünärmenler taýýarlanylýar hem-de 5 ugur boýunça bakalawrlary taýýarlamak okuwlary alnyp barylýar.Uniwersitetleriň Halkara bileleşiginiň agzasy bolan uniwersitetimizde dünýäniň nebitgaz boýunça iri ýokary okuw mekdepleriniň professorlarynyň gatnaşmagynda wideoaragatnaşyk arkaly ýörite sapaklary guramak, tejribe alyşmak işleri ýola goýlandyr.

Sanly ulgam arkaly tejribe sapaklary geçirilýär. Ähli hünärleriň okuw meýilnamalaryna Sanly ykdysadyýet dersi girizildi.Milli Liderimiz şu ýylyň 3-nji fewralynda nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça geçiren maslahatynda uniwersitetiň ýanynda mugallymlary, ylmy işgärleri, nebitgaz pudagy üçin alymlyga dalaşgärleri taýýarlamak boýunça Merkezi döretmegiň maksada laýyk boljakdygyny belläp geçdi.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatly pudagy bolan nebitgaz senagatyny öňdebaryjy, düşewüntli pudaga öwürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.Täze tehnologiýalaryň kömegi bilen, ýokary hilli we takyk maglumatlaryň alynmagy uglewodorod çig malynyň gözlegi we gazylyp alynmagy üçin harajatlary tygşytlamaga mümkinçilik berýär, bu bolsa bar bolan ätiýaçlyk gorlary, gazyp almagy we gaýtadan işlemegi dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam edýär. Şonuň üçin-de, bu ulgamda sanly ulgamyň artykmaçlyklaryndan giňden peýdalanmagyň ýola goýulmagy, bu ugurdan sowatly, kämil hünärmenleri ýetişdirmek derwaýys wezipe hökmünde öňe çykýar.

Milli ylym-bilim we innowasion tehnologiýalar esasynda öz tebigy baýlyklarymyzy netijeli özleşdirmek ykdysadyýetimizi ösdürmegiň iň ähtibarly girewidir. Döwrebap ýerli senagat pudaklarynyň ösdürilmegine, ähli ulgama sanly ösüşleriň ornaşdyrylmagyna giň şertleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt ähmiýetli işleriniň barha rowaç almagyny arzuw edýäris.

Gyzylgül MEZILOWA,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/23325

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi terbiýäniň gözbaşy
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Ählumumy abadançylyga goşant
Bagtyýarlygyň lälezar ýaýlasy
Nebitgaz pudagy: ykdysady syýasatyň esasy ugry