Amerikaly Klaudiýa Goldin “zenanlaryň zähmet bazaryndaky işlerine düşünişimizi ýokarlandyrandygy üçin” 2023-nji ýylyň ykdysadyýet boýunça Nobel baýragyna mynasyp boldy.Bu barada Nobel komitetiniň resmi web sahypasynda habar berildi.
Baýragyň web sahypasynda çap edilen metbugat üçin beýanatda Klaudia Goldiniň zenanlaryň gazançlary we zähmet bazaryndaky orny barada ilkinji giňişleýin hasabaty hödürländigi aýdylýar.Baýragyň bu ýylky eýesi dürli arhiwleri öwrenip, geçen 200 ýyldan gowrak döwrüň maglumatlaryny toplady.
Bu ýagdaý oňa girdeji we işdäki gender päsgelçiliginiň üýtgemeginiň sebäplerini açmaga mümkinçilik berdi.Mundan başga-da, gender päsgelçilikleriniň saklanyp galmagyna täsir edýän esasy faktorlary kesgitledi.
Baýraklaryň gowşurylyş dabarasy Nobeliň aradan çykan güni, 10-njy dekabrda gowşurylar. Her ugurdaky pul baýragynyň mukdary 11 million krona (takmynan, 1 million dollar) deň bolar.