Habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 14-15-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenportal türkmen Lideriniň bu saparynyň ähmiýeti we onuň iki ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanmagyndaky ähmiýeti dogrusynda ykdysady syn taýýarlady. Makalada Özbegistanyň Ykdysady barlaglar we reformalar merkeziniň maglumatlaryndan peýdalanyldy.
Söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möçberi 1 milliard dollara golaýlaýar
Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň şu günki ýeten derejesine söwda-ykdysady ulgamda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň anyk netijelerine nazar salmak bilen has aýdyň düşünip bolýar.Munda hyzmatlar pudagyna, şeýle-de senagat önümçiliginiň käbir netijeli görnüşlerine uly ähmiýet berilýändigini bellemeli.
Geçen ýylyň netijesine nazar aýlasak, özara söwda dolanyşygy takmynan 902 million dollara deň boldy (2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 67,6 göterim ýokarlandy we 2017-nji ýyldakydan bäş esse ýokarlandy (177 million).
Bu bolsa pandemiýa çäklendirmeleriniň şertinde örän uly görkezijidir.
Degişli döwürde Özbegistandan Türkmenistana amala aşyrylan eksport 2,4 esse ýokarlandy: 79,5 — 191,9 million dollar (2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 52,2 göterim ýokarlandy). Türkmenistandan edilen import 5,3 esse ýokarlandy: 129,5 — den 710,1 million dollar (2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 72,36 göterim ýokarlandy).
2021-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistana eksport eden esasy zatlary şulardan ybarat: Hyzmatlar — 96,8 million dollar, himiýa önümleri — 55,7 million dollar, azyk önümleri — 14,1 million dollar, azyk däl çig mal (ýangyçdan başga) — 9,1 million dollar, senagat önümleri — 8,8 million dollar, tehnika enjamlary 4,3 million dollar we taýýar önümler 3,0 million dollar.
2021-nji ýylda Özbegistanyň Türkmenistandan import eden önümleri şu hili görkezilýär: çalgy ýaglary we ş.m önümler — 649,6 million dollar, himiýa önümleri — 34,5 million dollar, senagat önümleri — 13,9 million dollar, hyzmatlar — 6,3 million dollar, tehnikalar we enjamlar — 2,5 million dollar, taýýar önümler — 1,5 million dollar, azyk däl çig mal (ýangyçdan başga) — 1,1 million dollar, azyk önümleri, içgiler we temmäki — 0,8 million dollar.
2022-nji ýylyň netijelerine ser salsak, ýanwar — maý aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwdanyň pul möçberi az-kem ýokarlanyp, 322,6 million dollara deň boldy. Şeýle-de eksport 16,6% ýokarlanyp, 62,9 million dollar, import bolsa 1,9% azaldy we 259,6 million dollara barabar boldy. Şunlukda, özbek önümlerini import edýän ýurtlaryň arasynda Türkmenistan 10-njy orny eýeledi, Özbegistanyň umumy eksportynda bolsa Türkmenistanyň paýy 0,8%-e deň boldy.
Serhet söwda zolagynda bilelikdäki söwda merkeziniň döredilmegi we üçünji ýurtdan getirilýän importyň ornuna Özbegistanda we Türkmenistanda öndürilen önümleri peýdalanmak bilen bagly şertnamalar özara söwdanyň ösmegini ýeňilleşdirer.
Gatnaşyklarda maýa goýumlar hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk bilen parallel ösýär. Soňky dört ýylyň dowamynda Özbegistanda Türkmenistanyň maýasynyň gatnaşygy bilen gurlan kärhanalaryň sany 11-den 160-a ýetdi. Türkmenistanyň çäginde bolsa özbegistanly işewürleriň gatnaşmagynda 61 kompaniýa hereket edýär. Şol sanda Uzawtosanoat paýdarlar jemgyýeti we Uzagrotekhsanoatholding kärhanalary-da ýakynda işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdular (degişlilikde awtoulaglaryň we oba hojalygynyň tehnikasynyň eksporty).
Ulag ulgamynyň taslamalary türkmen we özbek önümleriniň dünýä bazaryna çykmagynyň depginini ýokarlandyrar
Beýle diýilmegi özbek tarapynyň has gyzyklandyrma bildirýän Gündogar — Günbatar geçelgesiniň ösdürilýändigi bilen bagly.Munuň üçin bolsa Ýewropa tarap esasy çykalga bolan Türkmenistanyň ulaglaryň ähli görnüşleri babatda ýokary geçirijilikli şertleri bar.
Bu türkmen önümlerini hem Ýewropa bazarlaryna çykarmaga ýardam edýär. Şol sebäpden hem nobatdaky döwlet saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ýokary derejede açmagyň zerurdygy dogrusynda aýdyp geçdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeleriniň sanlyja ýyllarda görnetin ýokarlanmagy-da ulag ýük gatnawlary barada azda-kände habar berýär.Bu babatda 2021-nji ýylda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda halkara ýük gatnawynyň mukdary takmynan 2 million tonna barabar bolup, ol 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 18 göterim ýokarlandy, şol sanda demir ýol arkaly 1,7 million tonna we awtomobil ulagy bilen 0,3 million tonna ýük daşaldy.
Häzir taraplar Özbegistan — Türkmenistan — Hazar deňzi — Günorta Kawkaz ulag geçelgesiniň mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin bilelikdäki tagallalary edýärler. Bu ulag geçelgesi Gruziýa, Türkiýe, Rumyniýa we beýleki ýurtlaryň Gara deňizdäki portlaryna çykmak üçin niýetlenendir.
Iki ýurduň ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň baglanyşygynyň üpjün edilmegi-de diňe bir sebitde ýük daşamagy amala aşyrmak üçin däl-de, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, Ýakyn Gündogaryň, Pars aýlagynyň hem-de Ýewropa ýurtlarynyň bazarlaryna iň gysga wagtda barmaga mümkinçilik berýär. Şunda Owganystana uzaýan demir ýol şahalarynyň owgan halkynyň daşary ýurtlara çykmagyna ýardam etjekdigini nygtamagymyz gerek.
Ýangyç-energetika ulgamynyň uzakmöhletleýin we bilelikdäki taslamalary
Bu ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen birlikde köptaraplaýyn taslamalar hem alnyp barylýar. 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistan Özbegistanyň we Gazagystanyň üsti bilen Hytaýa tebigy gaz iberýär. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý esasy gaz geçirijisi sebitdäki durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm orna eýedir. Şunuň bilen birlikde, iki döwlet hem elektrik üpjünçiligi boýunça Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan (TÖTOP) sebitiň iri energiýa taslamasynyň hyzmatdaşlarydyr.
***
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana amala aşyran ilkinji döwlet sapary taryhy çözgütlere eýe boldy.Bu günki gün Türkmenistan bilen Özbegistanyň köptaraply gatnaşyklary nobatdaky özgertmeler döwrüne gadam urdy.Onda deň gyzyklanmalary, ähli pudagyň işi babatda netijeli we has oýlanyşykly kesgitlenen tendensiýalary görmek bolýar.
Aýratyn-da, saparyň çäklerinde geçirilen ýokary derejeli gepleşiklerde sebitdäki söwdany, ulag-üstaşyr geçelgelerini we energiýa mümkinçiliklerini, şeýle hem sebitiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ugurlar boýunça taryhy çözgütler kabul edildi.
Bu bolsa, öz gezeginde, Merkezi Aziýa boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň hem çözgüdidir.