Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan diwersifikasiýa syýasaty dünýä ykdysadyýetiniň häzirki çylşyrymly şertlerinde hem milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň netijeli ugry bolup durýar.Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň çig mal öndürýän ýurtdan innowasion häsiýetli taýýar önümleri öndürýän ýurda öwrülmeginiň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan alnyp barlan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýän diwersifikasiýa syýasatynyň esasynda mümkin bolandygy aýratyn bellärliklidir. 6-njy dekabrda şu ýylyň on bir aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýyny häsiýetlendirýän makroykdysady görkezijileriň biri bolan jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygy beýan edildi.
Durmuş-ykdysady ösüşde gazanylan bu netijeler häzirki döwürde amala aşyrylýan oýlanyşykly döwlet syýasatynyň miwesidir.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberiniň 12,1 göterim ýokarlanmagy önümçilikde hem-de hyzmatlar bazarynda ýurdumyzda jemlenen tebigy, maliýe we zähmet serişdelerinden ýerlikli peýdalanylandygyndan, ykdysadyýetiň pudaklarynyň arasynda ýola goýlan sazlaşykly gatnaşyklaryň netijesinde durnukly ösüşiň gazanylandygyndan habar berýär.
Hasabat döwründe senagat we oba hojalyk pudaklarynda gazanylan oňyn netijeler durnukly ösüşi üpjün etmekde ykdysadyýetiň bu binýatlaýyn pudaklarynyň mümkinçilikleriniň uludygyny görkezýär.Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, senagatda 2,2 göterim we oba hojalygynda 5,3 göterim ösüşiň üpjün edilmegi ýurduň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmakda olara möhüm ornuň degişlidiginiň aýdyň görkezijisidir. Ýurdumyzyň makroykdysady görkezijileriniň ýokarlanmagynda ulag we aragatnaşyk ulgamyna möhüm orun degişlidir.
Mejlisde ýanwar noýabr aýlarynda, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ulag we aragatnaşyk ulgamynda 7,1 göterim ösüşiň gazanylandygy nygtaldy.Bu sanlar ýurdumyzda durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda ulag-logistika pudagyna aýratyn orun degişlidigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň geosyýasy we geoykdysady ýagdaýyndan peýdalanyp, ulag-logistika pudagynyň ösdürilmegi, birinjiden, milli harytlaryň amatly ulag geçelgeleri arkaly dünýä bazaryna çykarylmagyna ýardam berýändigi, ikinjiden, üstaşyr ýükleriň artdyrylmagyna we üçünjiden, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine getirýändigi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna laýyklykda pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen zerur işler amala aşyrylýar.Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 106,4 göterim, daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasy 100,2 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň nebitgaz senagaty hem-de geologiýa pudagy döwrebap ösdürilýär, olara sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar.
Welaýatymyzdaky nebitgaza baý ýataklarda iş alyp barýan Türkmennebit döwlet konserniniň nebitçileri hem gara altynyň we mawy ýangyjyň çykarylyşyny artdyrmaga gönükdirilen netijeli geologiýa-tehniki çäreleri durmuşa geçirmekde yhlasly zähmet çekýärler.
Merdan GARAÝEW, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi. /* custom css */ .td_uid_15_67655e921dbdd_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67655e921dbdd_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }