Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar

Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar

Türkmenistanda musulmanlaryň mukaddes hasaplaýan Remezan aýynyň birinji hepdesi tamamlanyp barýarka, ýurtda agzaçar sadakalaryny berýän raýatlaryň göz-görtele azdygyny synlasa bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 16-njy martda Aşgabatdan we Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndan maglumat berdiler.

“Geçen ýyllarda adamlar agyz bekläp, oraza tutýanlary, dindarlary we mollalary öýlerine çagyrmak üçin 15-20 gün öňünden nobat bellärdiler. Ýöne bu ýyl agzaçar edýän hojalyklaryň sany juda çäkli” diýip, aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Şeýle-de, öňki ýyllarda raýatlar metjitlerde agzaçar sadakalaryny bermek ýa-da mollalaryň we ymamlaryň öýlerine gelip, doga-dileg okap bermegi üçin hem nobat belleýärdiler.

“Häzir metjide ýa-da metjidiň ymamlaryna ýüz tutýan hojalyklar tas ýok diýen ýaly” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly dindar anonim şertde gürrüň berdi.

Marydaky habarçymyz Türkmengalada we onuň obalarynda hem şuňa meňzeş ýagdaýlary synlasa bolýandygyny aýdýar.

“Geçen ýyllarda ýaşaýjylar hojalyklarynda ýa-da metjitde agzaçar sadakalaryny bermek üçin öňünden nobat bellärdiler. Häzir tutuş oba boýunça 10 hojalyk agzaçar edýär, galan günlere hiç kim nobata ýazylmaýar, tutuş aý boş diýen ýaly” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.

Remezan aýynda ýurtda köp adam ir säherden agşam gün batýança agyz bekläp, oraza tutýar we dini ybadatlary amal edýär. Şeýle-de, hojalyklarda agyzaçar sadakalary gurnalyp, raýatlar 10-20 adamdan ybarat dogan-garyndaşlaryny, dostlaryny çagyrýarlar.

Habarçylarymyz agzaçar sadakalaryny berýän raýatlaryň azalmagyny ýurtda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklar we giň ýaýran işsizlik zerarly, ilatyň güzeran eklenjiniň barha agyrlaşmagy bilen düşündirýärler.

“Bir agzaçar sadakasy üçin azyndan 1000-1500 manat çykdajy edilýär.Bu serişde köp maşgalanyň bir aýlyk býujeti.Häzir tam ýa-da köçe süpürijiler 1200 manat töwereginde aýlyk alýarlar.

Köp hojalykda diňe bir adam hökümet işinde işleýär. Şeýle-de, hiç bir maşgala agzasy hökümet işinde işlemeýän hojalyklar hem sanardan kän. Üstesine-de, azyk harytlarynyň bahasynyň keýgiň şahyna çykmagy’ bu hojalyklara goşmaça urgy bolýar” diýip, maryly ýaşaýjy belledi.

Soňky döwürde raýatlaryň diňe agzaçar däl, eýsem hudaýýoly sadakalaryny bermeginiň hem göz-görtele azalandygyny synlasa bolýar.

Habarçylarymyz adamlaryň bu sadakalary bermegiň deregine aýdylan janlylaryny soýup, mal etini birnäçe bölege bölüp, eklenji pes hojalyklara paýlap berýändigini aýdýarlar.

“Et paýlanyň amatly düşýär. Üýşmeleň edip, sadaka bermek üçin azyndan 15-20 kilogram palaw, 100 litr töweregi çorba bişirmeli we çörek, suw, süýji ýaly beýleki harytlary hem satyn almaly bolýar. Sebäbi obada sadaka berýäniň eşidilse, çagyrylan we çagyrylmadyk hojalyklaryň hemmesi gelýär. Sadaka berip, olara nahar çekmän hem bolmaýar” diýip, aşgabatly ýaşaýjy belledi.

Alty ýyldan gowrak wagt bäri ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän Türkmenistanda ilat giň ýaýran işsizlik, hyzmatlaryň we harytlaryň yzygiderli gymmatlamagy bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Bu ýagdaýlar esasan pes girdejili hojalyklaryň güzeran eklenjini has-da agyrlaşdyrýar. Ýurtda garyplyk bilen ýüzbe-ýüz bolýan hojalyklaryň, şeýle-de dilegçilik etmäge, zibil dörmäge mejbur bolýan raýatlaryň köpelýändigini synlasa bolýar.

Geçen hepde Balkandaky habarçymyz ykdysady kynçylyklaryň diňe çagalary däl, uly adamlary, şol sanda serhoşlary we musulman bolmadyk milletleriň wekillerini hem ýaremezan aýdyp, sadaka soramaga iterýändigini habar berdi.

Türkmen häkimiýetleri ykdysady kynçylyklary we onuň getiren netijelerini, ilata ýetirýän täsirlerini boýun alyp, aç-açan mesele gozgamaýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Diňle: Ykdysady kynçylyklar ilaty agzaçar sadaklaryny bermekden saklaýar
Ýolötende Remezan aýynyň dowamynda alkogolly içgileriň söwdasy ýatyryldy
Türkmenistanlylar, güýçlendirilen howpsuzlyk çäreleriniň arasynda, baýram namazyny okady
Robototehnika bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy
Baharyň baş baýramynyň dabaralary
Zyýat Hil agzaçar üçin süýjülikleriň köpdürli görnüşlerini hödürleýär