Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň on ýedinji utgaşdyryjy mejlisi geçirildi. Mehrnews-iň habaryna görä, çärä iki ýurduň ministrlikleriniň we ykdysady guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.

Oňa gatnaşyjylar türkmen-eýran gatnaşyklarynyň taryhy we iki ýurduň arasyndaky ozalky şertnamalaryň ýerine ýetirilişi baradaky hasabaty gözden geçirdiler.

Taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki dört nokadyň, ýagny Sarahsyň, Lotfabadyň, Inçeburnyň we Bajigiranyň iüsti bilen kitaraplaýyn söwdany açmak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde gümrük amallarynyň ýönekeýleşdirilmegi hem göz öňünde tutuldy.

Duşuşykda hödürlenen söwda maglumatlaryna görä, 321 million dollarlyk 741 müň tonna ýük Eýrandan Türkmenistana iberilipdir, Türkmenistandan edilen import bolsa 243 million dollara, ýagny 122 müň tonna deň bolupdyr.

Şu nukdaýnazardan, iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, gümrük we serhet kadalaşdyrmasyny has-da işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerine hem garaldy.

Ýene degişli makalalar

Eýran-Türkmenistan demirgazyk-günorta demir ýol geçelgesinde üstaşyr kuwwatynyň artdyrylmagy teklip edilýär
Russiýadan Saud Arabystanyna barýan ilkinji ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Eýran bilen Türkmenistan giňişleýin ulag resminamasyny taýýarlaýarlar
Eýrana degişli ýük gämisi batdy
Türkmenistan bilen Eýran elektrik energiýasynyň alyş-çalşygyny 1000 MWt-a çenli artdyrar
ЗАВЕРШИЛСЯ РАБОЧИЙ ВИЗИТ НАЦИОНАЛЬНОГО ЛИДЕРА ТУРКМЕНСКОГО НАРОДА, ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ ТУРКМЕНИСТАНА В ИСЛАМСКУЮ РЕСПУБЛИКУ ИРАН