Ykdysady forum geçirildi

14-17-nji iýun aralygynda Sankt-Peterburgda 26-njy gezek Russiýadaky iň uly ykdysady forum geçirildi.Bu halkara ykdysady forumda /SPIEF/ bahasy 3,8 trillion rubla (takmynan, 45 milliard dollar) barabar bolan 900-den gowrak şertnama baglaşyldy.

Bu barada Russiýanyň prezidentiniň geňeşçisi, forumyň guramaçylyk komitetiniň ýerine ýetiriji sekretary Anton Kobýakow habar berdi.Onuň aýtmagyna görä, forumyň çäklerinde Italiýa we Ispaniýa ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen 43 şertnama gol çekildi.

Şeýle-de bu forumda Hindistanyň umumy importynda rus nebitiniň paýynyň 2024-nji ýyla çenli 30%-e ýetip biljekdigi barada “Indian Oil” kompaniýasynyň ýerine ýetiriji direktory Winod Kumar habar berdi. – 2021-2022-nji ýyllarda Russiýadan çig nebit importynyň paýy 2 göterimden hem azdy, ýöne 2023-nji ýylda on esse artdy.

Bu möçber 2023-2024-nji ýyllar aralygynda 30 göterime ýeter diýip garaşýaryn diýip, Winod Kumar aýtdy.Winod Kumar öz ýurdunyň dünýäniň energiýa çeşmeleriniň üçden birini sarp edýändigini we ösüş üçin ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. – Nebite we gaza bolan isleg ep-esli artar we bu meselede Russiýa aýratyn ähmiýete eýe bolar diýip, ol belledi.

Ýene degişli makalalar

Erkek kişi burny bilen çalt harp ýygmakda rekord goýdy
Erkek kişi burny bilen ýalt harp ýygmakda rekord goýdy
Akşaý Kumar kinoçylary batyrýar
Balkan Aýdym-Sazynyň Ussady Bregowiç Ankarada Konsert Berdi
Rus diline täze üç söz girizildi
Gorkut ata halkara kinofestiwalyna gatnaşyjylar gadymy Änewe baryp gördüler