Golaýda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergiler jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary, keramikaçy suratkeşler Bahar we Baýram Annagulyýewleriň döredijilik sergisi açyldy .
Sergide keramika ussatlarynyň tematiki taýdan gyzykly, dürli görnüşli 200-den gowrak eserleri görkezildi. Bu sergä döredijilik maşgalasynyň ýaşajyk zehinleri: Bahar we Baýram Annagulyýewleriň gyzlary Aýna bilen Jennet hem öz sungat eserleri bilen gatnaşdylar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetinde zergärçilik hünäri boýunça bilim alýan Aýna Annagulyýewa sergide milli hem döwrebap häsiýetli zergärçilik şaý-seplerini, paýtagtymyzyň 46-njy orta mekdebiniň 11-nji synpynda okaýan Jennet Annagulyýewa dürli şekillendiriş serişdelerinde ýerine ýetiren nakgaşçylyk we grafika eserleri görkezildi.
Sungat dünýäsinde gaýnap joşýan döredijilik maşgalasynyň sergisi uludan tutuldy. Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň adyndan serginiň sebäpkärlerine “Hormat haty” we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabaramyzyň şu gyzykly pursatynda, bu mähribanlary sungat ýoluna iteren Gülbahar Annagulyýewanyň kakasy dabaramyzyň arzyly myhmany Türkmenistanyň Halk suratkeşi, “Hormatly il ýaşulusy” heýkeltaraş Saragt Babaýewa uly hormat bilen söz berildi.
Soňra keramika sungatynyň ussady Halk suratkeşi, halypa mugallymlary Maral Bagşyýewna uly hormat bilen söz berildi, Türkmenistanyň Halk suratkeşi halypa mugallym Annadurdy Almämmedow uly dabara bilen söz berildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, Sungaty öwreniş ylymlaryň kandidaty, sungaty öwreniji Ýagşymyradow Nurýagdy Goçbaýewiçe söz berildi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sungaty öwreniji mugallymy Azat Annaýew Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň adyndan sebäpkärlere ýadygärlik sowgatlary gowşurdy. Türkmenistanyň Medeniýet ministirliginiň Döredijilik bölümüniň başlygynyň orunbasary Akmyrat Rejepowa, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktory Ysmaýyl Orazowa, Aşgabat säher medeniýet müdirliginiň Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiň direktory Öwezgeldi Ýagmyrowa söz berildi.
Türkmen halkynda däp bolşy ýaly gelen halypa myhmanlara toý- paýy, düwünçekler berildi.
Bize şeýle mümkinçilikleri döredip beren Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli döwletli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.