Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi

Ýitirim etmek, adam öldürmek, sürgün etmek. Türkiýe Merkezi Aziýaly aktiwistler üçin, howply ýere öwrüldi

Stambulda ýaşaýan iki täjik oppozisiýa aktiwistiniň nämälim ýagdaýda ýitirim edilmegi Türkiýäniň mundan beýläk Merkezi Aziýadaky oppozisionerler üçin howpsuz ýer däldigini görkezdi. Aktiwistler birwagtlar myhmansöýer ýurduň soňky on ýylyň dowamynda üýtgändigini aýdýarlar. Bu ýagdaý Ankaranyň Merkezi Aziýa ýurtlaryndaky awtoritar hökümetler bilen howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny çuňaldyp başlan döwründen başlanýar.

Sen betbagtçylyga uçran ýoldaşyňa ünsi çekýärsiň, soňra özüň betbagtçylyga uçraýarsyň — Merkezi Aziýadan bolan aktiwistiň daşary ýurtlardaky takdyry şeýle.

"Halkara repressiýasyny" ulanýan hökümetler öz agentleriniň eli bilen hatda daşary ýurtlarda-da oppozisiýany dymmaga mejbur edýär. Bu mesele Merkezi Aziýada bolup geçýän wakalary öz içine alýan adam hukuklary boýunça guramalaryň hasabatlarynyň esasy temasyna öwrülýär. Sebitiň iň köp awtoritar ýurtlarynyň hataryna Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan girýär.

Halkara repressiýalaryna olary gorkuzmak, tutup yzyna ibermek, käte duşman hasaplanýanlary öldürmek işlerine dünýäniň (adatça demokratik däl) hökümetleri gatnaşýar.

Mundan 10 ýyl çemesi ozal Türkiýe regionyň raýatlaryna ýol çäklendirmesiniň bolmanlygy we ekstradisiýa howpunyň gaty pes bolmagy sebäpli, Merkezi Aziýadan bolan aktiwistler üçin, iň howpsuz ýer hasaplanýardy. Emma soňky ýyllarda beýle bolmady. Bilermenler türk häkimiýetleriniň garaýşynyň üýtgändigini belleýärler.

TÄJIK AKTIWISTLERINIŇ ÝITIRIM EDILMEGI

Diňe soňky aýda, Türkiýede ýaşaýan iki täjik syýasy aktiwisti dereksiz ýitdi. Olar zor bilen watanyna, ýagny döwlet tankytçylary üçin, uzak möhletli türme tussaglygy we ýowuz daraşmagyň adaty ýagdaýa öwrülen ýerine alnyp gidilendir diýlip howatyr edilýär.

Merkezi Aziýadaky adam hukuklary boýunça ekspert Stiw Swerdlowyň aýtmagyna görä, Täjigistanyň “Topar 24” atly oppozisiýa hereketiniň lideri Suhrob Zafar Stambulda ýaşaýan ýoldaşy, aktiwist Nasimjon Şaripowy tapmaga synanyşyk edeninde, özi hem ýitdi. 23-nji fewraldan bäri ondan habar ýok.

10-njy martda ýitirim bolan Suhrob Zafar täjik aktiwistlerini agyr alada goýdy. “Topar 24” hereketiniň lideri bilen aragatnaşyk ýok.

Ol toparyň agzalarynyň aýtmagyna görä, Türkiýede geçiren 10 ýylynyň dowamynda, Zafara yzygiderli haýbat atylýardy, öldüriljekdigi ýa-da ogurlanjakdygy barada, SMS habarlary berilýärdi.

Ol türk häkimiýetleri tarapyndan, ähtimaly Täjigistanyň haýyşy boýunça, gaýta-gaýta tussag edilip, soňra boşadylypdy.

Täjigistanda “Topar 24” oppozisiýa hereketi Ýokary kazyýetiň karary bilen "ekstremist gurama" hasaplanýar. Bu karar 2014-nji ýylyň oktýabrynda, awtoritar prezident Emomali Rahmonyň režimine garşy ýygnanyşyk geçirmäge çagyryş edeninden biraz wagt geçensoň kabul edildi.

Ol karar režimiň hatda çäkli syýasy garşylyga-da çydamlylygyny bes edilmegi bilen gabat geldi.

2015-nji ýylda hereketiň esaslandyryjysy, telekeçi Umarali Kuwatow Stambulda atylyp öldürildi.

2016-njy ÝYL — TÜRKIÝE ÜÇIN ÖWRÜMSIZ PURSAT

Oppozisiýa lideriniň öldürilmegine Türkiýäniň gös-göni gatnaşygy örän az bolsa-da, ýöne ganhorlar adalata höküm çykarylmazyndan öň, ýurtdan çykyp bildiler.

Aýdylyşyna görä, Täjigistandan bolan biri aldaw bilen Kuwatowy agşamlyk nahara çagyryp, ony zäherläpdir, soňra köçede atylyp öldürilende, türk sudy tarapyndan, ol ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi.

Emma soňky ýyllarda türk häkimiýetleri ýurtda pena gözleýän dissidentler babatda, Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny höwes bilen artdyrýar.

Freedom House halkara guramasynyň çap eden hasabatynda, soňky on ýylyň maglumatlaryna esaslanyp, Türkiýäni we Täjigistany milletara repressiýalara iň işjeň gatnaşyjylaryň bäşligine goşdy. Ondan ýokardaky üçlügi Hytaý, Müsür we Russiýa eýeleýär.

Türkiýäniň öwrümsiz syýasatyna esasy sebäp 2016-njy ýylda prezidenti Rejep Taýýip Erdogana we hökümetine garşy edilen synanyşyk boldy. Netijede, 250-ä golaý adam wepat edildi.

Bu waka türk hökümetiniň Erdoganyň ozalky ýarany bolan, ABŞ-da ýaşaýan yslam alymy Fetullah Güleniň ulgamyna tutuşlaýyn uruş yglan etmegine sebäp boldy. Gozgalaň synanyşygynda, Ankara ony günäkärledi. Şol bir wagtda Güleniň özi bu aýyplamalary mümkin bolan her bir ýol bilen inkär edýär.

Bu gozgalaňdan soň Türkiýede on müňlerçe adam işden boşadylyp, tussag edildi. Şeýle hem Ankara bilen Güleniň gatnaşyklarynda, esasan alymyň hususy mekdepleriniň ulgamy bolan islendik ýurt bilen gatnaşyklaryň dartgynlaşmagyna getirdi.

Käbir Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleri gozgalaňa synanyşykdan öň hem Gülen bilen baglanyşykly guramalaryň işlerine çäklendirme girizipdi, ýöne Gazagystanda we Gyrgyzystanda onuň açan mekdepleriniň we ýokary okuw jaýlarynyň köpüsi öz işini dowam etdirýärdi.

Erdogan 2018-nji ýylda, Gyrgyzystana eden saparynyň dowamyndaky çykyşlarynda, Ankaranyň Güleniň şägirtleriniň guramasy hasaplanýanlary gaýta-gaýta agzap geçdi we Gyrgyzystanyň prezidenti Sooronbaý Jeenbekowa gülençiler tarapyndan agdarylmak howpunyň abanýandygyny açyk duýdurdy.

Jeenbekowyň wezipesini eýelän Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow 2021-nji ýylyň iýunynda, Bişkekde türk agentleri Orhan Inandini ogurlanda, Ankarany açyk ýazgarmady. Asly Türkiýeden bolan Orhan Inandi Gyrgyzystanda, Gülen tarapyndan ylhamlanan "Sapat" mekdepler ulgamyny esaslandyryjy bolupdy.

Tussag edilen mahalynda, Inandide gyrgyz pasporty hem bardy, ol Ankarada jogapkärçilige çekilip, "ýaragly terror toparyny döredendigi" üçin, 21 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

TÜRKMENLERIŇ DEPORTASIÝA EDILMEGI

SSSR-iň dargamagy netijesinde, Merkezi Aziýa respublikalary garaşsyzlygyny gazanan ilkinji ýyllarynda, Türkiýäniň özbek oppozisiýa liderleri Muhammet Salyhy we Abdurahmon Polady yzyna bermekden ýüz öwrendigi üçin, sebitiň iň uly ýurdy bolan Özbegistan bilen gatnaşyklaryny ýaramazlaşdyrmak howpy abanýardy.

Muňa jogap edip, Özbegistan iki ýurduň arasyndaky wizasyz režimi ýatyrdy. Ol diňe 2016-njy ýylda, Özbegistanyň öňki prezidenti Y. Kerimow ýogalyp, Şawkat Mirziýoýewiň häkimiýet başyna gelmegi bilen dikeldildi.

Ýaňy-ýakyna çenli Türkiýe Özbegistanyň goňşy döwleti Türkmenistanyň raýatlary üçin, wizasyz gidip boljak az sanly ýurtlaryň biridi. Emma 2022-nji ýylda, bar zat üýtgedi. Aşgabadyň talap etmegi bilen türk hökümeti wizasyz režimi ýatyrdy.

Täjigistan Freedom House reýtinginde, milletara repressiýalar boýunça iň ýokary bäşlige girýän Merkezi Aziýadaky ýeke-täk ýurtdur. Şol wagtyň özünde, guramanyň habar bermegine görä, Türkmenistan "2023-nji ýylda iň ýokary bäş jenaýatça" girdi.

Eger Türkiýäniň işjeň goldawy bolmasa, Aşgabat bu statusy gazanmazdy. Ykdysady taýdan yza galan ýurduň on müňlerçe ýaşaýjylary türk şäherlerinde işleýärler, olardan müňlerçe adam repressiýa sezewar bolýar.

Azatlyk Radiosynyň Türkmen gullugynyň çeşmeleri Ankaranyň wiza düzgünini girizeninden bäri Türkiýeden müňlerçe deportasiýanyň bolandygyny aýdýarlar. Emma Merkezi Aziýanyň awtoritar döwletiniň ýapyk syýasaty sebäpli, syýasy migrantlary adaty migrantlardan tapawutlandyrmak kynlaşýar.

Ýöne azyndan alty syýasy aktiwistiniň Aşgabada deport edilendigi anyk belli, olar: Farhat Meýmankulyýew, Röwşen Gylyjow, Umyt Guzybaýew, Döwran Ymamow, Maksat Baýmyradow we Serdar Durdulyýew. Bu barada Türkmen gullugy habar berýär.

Stambulda ýaşaýan Dürsoltan Taganowa belli derejede tanymal oppozisiýa aktiwisti täze wiza çäklendirmeleri girizilmezden öň, azyndan iki gezek, 2020-nji we 2021-nji ýyllarda saklananda, deportasiýa edilmek çäginde durdy.

2020-nji ýylda Taganowa deportasiýa merkezine geçirilende, ynsan hukuklary boýunça 11 topar türk häkimiýetlerini sürgün etmekden saklanmaga çagyrandan soň boşadyldy.

2021-nji ýylda Taganowa özüniň türk migrasiýa gullugyna çagyrylanda, ol ýerde syýasy işlerini bes etmese, ýurtda galmakda kynçylyklaryň bolup biljekdigini duýdurandyklaryny žurnalistlere aýtdy.

Türkiýedäki türkmen aktiwistleri BMG-niň Adam hukuklary boýunça geňeşinde, Türkmenistan Ählumumy döwürleýin gözden geçirilişine hödürlenen hasabatyň üns merkezinde boldy. Bu hasabat Günorta Kaliforniýa uniwersitetiniň adam hukuklary boýunça topary we Wenada ýerleşýän "Ýewraziýa üçin azatlyk" guramasy tarapyndan ýazylypdyr.

Hasabatyň awtorlary Türkiýäni türkmen syýasy aktiwistleri we adam hukuklaryny goraýjylar üçin "gitdigiçe howply ýer" diýip atlandyrdylar. Umumylykda, türkmenler "Aşgabat bilen Ankaranyň gözegçiligi we gitdigiçe artýan ýol çäklendirmeleriň barşynda, kemsidilmeler we beýleki zorluk-sütemler" bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýerlerinde, diňe olar üçinem däl, öz watanynda galan dogan-garyndaşlaryna-da agyr düşýändigi aýdylýar.

Türkiýäniň polisiýasy "görkezme boýunça [Stambulda] deport ediljek 25 türkmenistanly migrantyň sanawyny düzendigini habar berýär" diýlip, hasabatda bellenýär.

Bu gelnen ylalaşyk türkmen syýasy hereketiniň merkezi saýylýan Türkiýäniň uly şäherinde bilelikde edilen tagallalar islenýän täsirini ýetirip biler.

Stambulda ýaşaýan türkmen Eziz Mämmedowyň aýtmagyna görä, ol 2021-nji ýylda syýasy taýdan işjeň hereket edip başlandan bäri, yzygiderli gorkuzmak çäresine duçar bolupdyr. Konsulhananyň öňünde protest geçirilende, nätanyş adamyň özüne pyçakly topulandygyny aýtdy.

Ýanwar aýynda, Mämmedow aktiw herekete gatnaşmajakdygyny yglan etdi.

Men näme üçin özümi oda atmaly diýip pikir etdim. "Biziň çeken pidalarymyz, [türkmen] halkynyň adyndan eden işlerimiz netije bermedi diýip, Mämmedow aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

20.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy
29.11.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Biziň sebitimiz - dünýä ähmiýetli energetika we ulag-üstaşyr merkezi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda
14.10.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary - dünýä metbugatynyň sahypalarynda
11.10.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy
11.10.2019 | Milli Liderimiziň başlyklygynda GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi